Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 58 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy

0
632
0
0

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Estoniýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, aşgarlanmadyk matalar, pagta süýümi, pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Malta we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 58 million 158 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň we Hindistanyň işewürleri umumy bahasy 7 million 399 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplük satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru