Aşgabatda TOPH gaz geçirijisi taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 23-nji mejlisi geçirildi

10:4625.10.2015
0
7813

Aşgabatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň nobatdaky 23-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine taslama gatnaşyjy ýurtlaryň pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle-de bu taslamanyň Tranzaksion Geňeşçisi bolan Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy meselesi “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň agzalarynyň paýdarlyk we maýa goýum Ylalaşyklaryny gazanmakdan ybaratdyr.

Ýewraziýa yklymynyň iň iri energetika ulgamy boljak gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamak üçin taýýarlyk işleriniň çäklerinde taslama gatnaşyjylar we onuň Tranzaksion Geňeşçisi tarapyndan ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýygnananlar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tehniki iş toparynyň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisiniň esasy netijelerine garadylar hem-de makulladylar, şol mejlisiň çäklerinde taslamanyň hukuk we tehniki ugurlary bilen baglanyşykly möhüm meselelerde ylalaşyldy.

Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, uzynlygy 1814 kilometr bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna örän iri gaz ýataklary ýerleşýän Türkmenistanyň gündogar sebitinde badalga berler we Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäklerinden geçip, pakistan-hindi serhetindäki Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna baryp ýeter. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metrden gowrak bolar.

Günorta Aziýa ýurtlarynyň tebigy gaza bolan isleglerine esaslanýan bu taslamanyň ykdysady esaslandyrmasy ýurdumyzyň ýerasty hazynalarynda dünýä ähmiýetli ägirt uly gaz gorlarynyň bardygynyň abraýly halkara bilermenler tarapyndan hem tassyklanylan umumy ykrar edilen ýagdaý bilen şertlendirilýär, bu bolsa Türkmenistana islendik ugur boýunça, şol sanda TOPH ugry boýunça uzakmöhletleýin gaz iberilmegini kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

TOPH taslamasynyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň diňe bir ykdysady meselelerini gowulandyrmakdan başga-da, sebitde möhüm durmuş we ynsanperwer wezipelerini çözmäge-de ýardam berjekdigini bellemek gerek. Olar, ilkinji nobatda, goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijisiniň tutuş ugry boýunça ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini kemala getirmek bilen baglanyşykly meselelerdir. Bu taslamanyň sebitde örän täsirli durnuklaşdyryjy şert bolup durýandygyny, geljekde Merkezi we Günorta Aziýada hem-de ýakynda ýerleşýän beýleki sebitleriň umumy ýagdaýyna oňyn täsir edýän, yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk berýän gural boljakdygyny aýtmak bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň