Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky onunjy maslahaty geçirildi

10:1725.10.2015
0
3845

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky onunjy maslahaty geçirildi, onuň barşynda milli parlamentiň deputatlary täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesine garadylar.

Maslahatyň barşynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garaldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli we parasatly içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistan demokratik özgertmeleri we dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmagy durmuşa geçirmegiň ýolunda ynamly öňe barýar, bu bolsa ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilmegini talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň garamagyna “1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanyny goramak hakynda Naýrobi Şertnamasyna goşulmak hakynda”, “Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Tertipnamasyny tassyklamak hakynda”, “Senagat nusgalyklarynyň halkara bellige alynmagy boýunça Gaaga Ylalaşygynyň Ženewa Namasyna goşulmak hakynda” hem-de “Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary hödürlenildi.

Milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň onunjy maslahatynda garalan kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny biragyzdan makulladylar hem-de bu möhüm hukuknamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýolunda mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň