Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» finala has ýakyn geldi, «Hazyna» «Şagadamdan» ýene-de üstün

00:2525.10.2015
0
8472

24-nji oktýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Olarda «Hazyna» «Şagadamy», «Balkan» «Altyn asyry» kabul etdi.

Ýokary ligada Türkmenbaşy şäheriniň futbol toparyny iki gezek ýeňmegi başaran «Hazyna» bu gezek hem üstünlikli oýun geçirip, taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Kubogyna bir ädim ýakynlaşdy. Örän ýokary derejede, çekeleşikli geçen duşuşykda «ykdysadyýetçiler» 27-nji minutda Berdimyrat Rejebowyň goly bilen «Şagadamy» ýeňlişe sezewar etdiler. Ýöne bu netije ýer eýelerini juda bir arkaýynlaşdyrmaýar. Çünki «Şagadam» islendik wagtda 1:0 hasabyndaky ýeňlişe öz meýdanynda jogap berip biljek, artykmaçlygy öz tarapyna geçirip biljek topar. Şonuň üçin hem 31-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde «ykdysadyýetçilere» has möhüm we kyn synag garaşýar.

Şu duşuşyk bilen ugurdaş geçirilen beýleki bir duşuşykda bolsa ýer eýeleri uly hasap bilen ýeňlip, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmak umydyny düýbünden diýen ýaly ýitirdiler.

Ýokary ligada «Altyn asyryň» has öňe saýlanmagy bilen «Balkanyň» ähli umydy Türkmenistanyň Kubogyndady. Ýöne şu günki oýnuň netijesi olary Kuboga bolan umydyny başga bir möwsüme goýmaga mejbur etdi.

Jemi 9 golly duşuşykda eýýäm 13-nji minutda Ýokary liganyň iň netijeli hüjümçileriniň biri, HTTU bilen geçirilen çärýek final duşuşyklarynda-da iki gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow «Altyn asyry» öňe çykardy. Şondan 10 minut geçensoň, Süleýman Muhadow ikinji gezek tapawutlandy. Duşuşygyň birinji ýarymy hut şu hasap bilen hem tamamlandy. Birinji ýarymyň ýatda galan esasy pursatlarynyň biri hem 42-nji minutda «Balkanyň» kapitany Ýagmyrmyrat Annamyradowyň gyzyl kart alyp, oýundan çykarylmagydyr.

Kubok ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda myhmançylykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp bilmek hem uly artykmaçlyk. Ýöne «Altyn asyryň» esasy «tupany» ikinji ýarymda başlady. 56-njy minutda Selim Nurmyradow hasaby myhmanlaryň peýdasyna 3:0-a ýetirdi. Doly aljyraňňylyga düşen «Balkan» şondan bir minut soň derwezesinde ýene bir pökgini gördi — Süleýman Muhadow toparynyň dördünji, özüniň bolsa üçünji goluny geçirdi.

Oýunda dartgynlylyk artdygyça, «Balkanyň» goragçylary kän ýalňyşyp başladylar. Hasaplar bolsa «Altyn asyryň» peýdasyna artdy, durdy. 71-nji minutda Umidjan Astanow, 73-nji minutda ýene-de Süleýman Muhadow tapawutlanyp, hasaby 6:0-a çykardylar.

Hasaby deňlemek has uzakda görünse-de, 81-nji minutda «Balkan» bir jogap pökgüsini geçirmegi başardy. Ýer eýelerinden Rustam Matrizaýew tapawutlandy. Ýöne «nebitçiler» şondan soň hem derwezesinde iki pökgi gördüler.

Şeýlelikde, 31-nji oktýabrdaky jogap duşuşyk üçin «Altyn asyr» uly artykmaçlyk gazandy. Toparyň hüjümçisi Süleýman Muhadow bolsa duşuşykda 6 gezek tapawutlanyp, futbolyň dili bilen aýdylanda geksa-trigi amala aşyrdy. Indi Süleýman Muhadow üç duşuşykda geçiren 8 goly bilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi.

"TÜRKMENISTANYÑ KUBOGY — 2015"

 

Ýarym final duşuşyklary: 24.10.2015 ý.

 

«Balkan» — «Altyn Asyr» 1:8 (0:2)

Gollar:

0:1 — 13' Süleýman Muhadow;

0:2 — 23' Süleýman Muhadow;

0:3 — 56' Selim Nurmyradow;

0:4 — 57' Süleýman Muhadow;

0:5 — 71' Umidjan Astanow;

0:6 — 73' Süleýman Muhadow;

1:6 — 81' Rustam Matirzaýew;

1:7 — 83' Süleýman Muhadow;

1:8 — 90'+1 Süleýman Muhadow.

Ýagmyrmyrat Annamyradow («Balkan») 42-nji minutda gyzyl kart alyp, meýdandan çykaryldy

 

«Hazyna» — «Şagadam» 1:0 (1:0)

Gol:

1:0 — 27' Berdimyrat Rejepow.

 

✔ Jogap duşuşyklary 31-nji oktýabrda geçiriler!

 

Türkmenistanyň Kubogy — 2015 ýaryşynyň iň kän pökgi geçiren futbolçylar:

Süleýman Muhadow, «Altyn asyr», 8 pökgi;

Kerim Hojaberdiýew, «Energetik», 6 pökgi;

Hojalygurban Öwezow, «Köpetdag», 3 pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň