Soňky habarlar

Arhiw

“Galkynyş” toparynyň çapyksuwar ýigitleri we gyzlary Halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşarlar

11:1324.10.2015
0
9279

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwar ýigitleri we gyzlary Halkara sirk sungatynyň ikinji festiwalyna gatnaşmak üçin Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherine ugrarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Ahalteke atçylyk toplumynda bolanlarynda olara ak ýol arzuw edip, abraýly halkara bäsleşiklerinde ajaýyp ýeňişleriň ençemesini gazanan türkmen çapyksuwarlarynyň Hytaýda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjekdigine, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrjakdygyna, şu sirk sungaty festiwalynda ýeňiji ýurt hökmünde Türkmenistanyň Döwlet tugunyň belende galdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň