Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň hormatyna agşamlyk nahary berildi

11:0624.10.2015
0
1112

23-nji oktýabrda agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti belent mertebeli myhman we onuň maşgalasy bilen bilelikde türkmeniň ak öýüne bardylar. Myhmany halkymyzyň gadymdan gelýän ak öýüniň özboluşlylygy, gurluşy örän gyzyklandyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Hormatly myhmanlara çaý hödürledi.

Belent mertebeli myhman we onuň maşgalasy türkmen halkynyň ajaýyp dessurlarynyň, şol sanda myhmansöýerlik ýörelgeleriniň nusgalyk derejä göterilendigi bellediler. Olar, aýratyn-da, çaý demlemegiň türkmen halkyna mahsus usullaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Milletiň Lideri türkmen halkynyň milli ýörelgä laýyklykda demlenen çaýa aýratyn gadyr-gymmat goýýandygyny aýdyp, bizde hemişe myhmanyň ilki çaý bilen garşylanýandygyny gürrüň berdi. Ak öýde çaý başyndaky söhbetdeşlik tamamlanandan soň, myhmanlar mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň