Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň döredilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli bütindünýä guramasynyň Baş sekretaryna Gutlag iberdi

10:4024.10.2015
0
2738

Onuň Alyhezreti

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary

jenap PAN Gi Mun

 

Siziň Alyhezretiňiz!

Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli Size özümiň in mähirli gutlaglarymy ibermegiň miýesser edendigi mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

BMG-niň halkara meselelerini çözmekde, dünýäde tertibi üpjün etmekde, milletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary deňhukuklylyk we halklaryň öz ykbalyny kesgitlemek ýörelgelerine hormat goýmak esasynda ösdürmekde, parahatçylyga howp salýan ýagdaýlary aradan aýyrmakda we adalatlylyk ýörelgesine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda agressiw hereketleriň parahatçylykly ýollar bilen öňüni almakda täsirli hem-de esasy halkara gurama bolup üýtgewsiz çykyş edýändigini bellemek guwandyryjydyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek we bu Guramanyň ähmiýetini güýçlendirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgesinden ugur alýan hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan bu syýasatyň baş wezipeleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamak, halkara bileleşiginiň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary derejesini üpjün etmek bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky in gowy arzuwlarymy kabul ediň. Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine meniň mähirli gutlaglarymy we täze üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýändigimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

 

Çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň