Eýranyň wekiliýeti Aşgabatda boldy

10:3624.10.2015
0
3135

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň Aziýa we Okeaniýa ýurtlary boýunça orunbasary Ebrahim Rahimpuryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar.

Syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar söwda-ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekdiler.

Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň we telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň