Soňky habarlar

Arhiw

“Ýaş liderler” meýilnamasy hereketde

10:3524.10.2015
0
4936

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýaş hünärmenleri Ýaponiýada kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Okuw-tejribe sapaklary ýapon halkara hyzmatdaşlygy agentliginiň “Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ýaş liderleri. Sebit syýahatçylygynyň ösüşi” maksatnamalaýyn meýilnamasynyň çäklerinde guraldy. Myhmansöýerlik ugruny dolandyrmagyň ýapon tejribesini öwrenmegiň neneň-niçik geçendigi barada “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sanyndaky makalada gürrüň berilýär.

“Ýaş liderler” meýilnamasy gelejekde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge we şu pudak bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge goşant goşmaly işgärleriň hünär bilimlerini we iş endiklerini çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Kämilleşdiriş okuwlary syýahatçylykda döwlet we hususy eýeçiligiň orny, sebitlerde syýahatçylygyň ösüşi ýaly ugurlary öz içine aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň