Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň aýaly hanym Akie Abe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi

0
875
0
0

23-nji oktýabrda Türkmenistanda resmi sapar bilen bolýan Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň aýaly hanym Akie Abe Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp gördi. Bu ýerde myhman ýokary okuw mekdebiniň  muzeýiniň ekspozisiýasy bilen tanyşdy, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň, mälim bolşy ýaly, ýapon dili bölüminiň hereket edýän Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň,  Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bilen duşuşdy.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň maşgalasy üçin medeni maksatnama guraldy. Maksatnama laýyklykda, myhman paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri, şol sanda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Muzeýde elde dokalan halylaryň ajaýyp nusgalary – türkmen halyçy zenanlarynyň öňden saklanyp galan hem-de häzirki önümleri görkezilýär. Myhman elde dokalan ajaýyp halylara haýran galýandygyny aýtdy. Şol halylary döretmegiň däpleri nesilden-nesle geçirilip, milli hem-de umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

Şunuň bilen birlikde, hanym Akie Abe  alyjylara ýokary hilli türkmen dokma önümleriniň köp görnüşlerini, şeýle hem halyçylyk pudagynyň önümlerini hödürleýän paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” söwda merkezine baryp gördi. Ol bu ýerde hödürlenýän haly we dokma önümleriniň ýokary hile eýedigini aýratyn belledi. Hanym  Akie Abe göreniňde gözüň eglenýän nepis türkmen halylarynyň birini uly höwes bilen aldy. 

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň maşgalasyna şeýle hem şu ýylyň tomsunda Aşgabatda açylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkeze baryp görmek mümkinçiligi döredildi. Hanym Akie Abe lukmançylyk merkezi bilen tanşyp, onuň döwrebap enjamlaşdyrylyşyna we ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde zerur lukmançylyk hyzmatlaryny etmek babatda döredilen şertlere ýokary baha berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru