Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi

22:2823.10.2015
0
6730

23-nji oktýabrda Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany Sindzo Abeniň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň awtoulag kerweni “Ýyldyz” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri şu gün ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistan üçin ýapon kompaniýalarynyň tejribesi we mümkinçilikleri ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän iri maksatnamalarda, şol sanda senagat pudagyny, syýahatçylyk ulgamyny, himiýa senagatyny ösdürmek bilen baglanyşykly maksatnamalarda peýdalanylyp bilner diýip, dostlukly ýurduň işewürlerini bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Öz gezeginde Ýaponiýanyň Premýer-ministri hakyky geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaşyň belent halkara abraýyndan peýdalanýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge örän uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Günüň dogýan ýurdunyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra “Ýyldyz” myhmanhanasynyň uly dabaralar zalynda türkmen Lideriniň we belent mertebeli ýapon myhmanynyň gatnaşmagynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň hatarynda Ýaponiýanyň eksport karz beriş agentliginiň (NEXI), Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, “ASAHI  INOVEX Corporation”, “TOBISHIMA Corporation”, “Chikusui Canycom Inc.,”, “Sojitz Corporation”, Ýapon nebit, gaz we metal milli korporasiýasynyň  («JOGMEC»), «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», “Itochu Corporation”, “Fukuyama Transporting Co., Ltd.”, Japan External Trade Organization, The Bank of Tokyo-Mitsubishi UFJ, Ltd., Mitsubishi Heavy Industries, Ltd., “TOKYO ROPE MFG. ÇO.,LTD.,”,  Sukuba uniwersitetiniň,  “Sumitomo Corporation”,  “SMBC EMEA Division CEO”, “The Boston Consulting Group”, “SANKO SEIKO CO., LTD.”, “NIPPON STEEL&SUMKIN ENGINEERING CO.,LTD.”, “Mizuho Bank, Ltd.”, Tokyo University of Foreign Studies, “MAYEKAWA MFG.CO.,LTD”, “Marubeni Corporation”, “Kawasaki Heavy Indusstries, LTD.”, Medical Excellence Japan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar.

Maslahatda Türkemnistanyň we Ýaponiýanyň Baştutanlary söz sözlediler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen JGS Corporation /Ýaponiý, Tokio/, Itochu Corporation /Ýaponiýa, Tokio/, “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” /Stambul, Türkiýe/ kompaniýalar Konsorsiumynyň arasynda Daşoguz welaýatynda etileni Pes dykyzlykly çyzykly polietilen öndürmek boýunça taslama barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanda Japan-GTL taslamasy boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Ýapon Nebit, Gaz we Metal Milli Korporasiýasynyň /“JOGMEC”/ arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” /Ýaponiýa/ we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” /Türkiýe/ kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda “Gazy polimerlara” gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy boýunça taslama hakynda Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi bilen Ýaponiýanyň “Marubeni” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky /“TFEB”/ bilen Sumitomo Mitsui Banking Corporation /“SMBC”/  bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” /Ýaponiýa/ we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” /Türkiýe/ kompaniýalar toparynyň arasynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň himiýa senagatynda amala aşyrylýan taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Çarçuwaly ylalaşyga;  “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Sojitz Corporation” /Ýaponiýa/, “TTCL Public Company Limited” /Taýland/ we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” /Türkiýe/ kompaniýalar topary arasynda Türkmenistanda, Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada Çarçuwaly ylalaşyga;  Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Sumitomo» Korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda umumy kuwwatlylygy 432 MWt (ISO şertinde) bolan ýönekeý dolanşykda işleýän gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Şertnama; “Türkmengaz” döwlet konserni we “Itochu Corporation”, “JGS Corporation”,  “Mitsubishi Corporation”, “Chiyoda Corporation”, “Sojitz Corporation”, Çalik Group of Companies we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça”  gurluşygyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ulalaşyga gol çekildi.

Işewürler duşuşygynyň barşynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hem-de geljek üçin niýetlenen uly meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi babatda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we kesgitlenildi. Gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri özara bähbitli söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem dürli pudaklarda ýygjam işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýokary gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şol gün Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginde Ýaponiýanyň we Koreýanyň kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen ylalaşyklara gol çekmek dabarasynyň hem bolandygyny bellemek gerek. Bu ylalaşyklar Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana şu resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň üstüni ýetirdi. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynda sintetiki suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek we gurmak baradaky şertnama, şeýle hem Daşoguz welaýatynda etanyň krekingi desgaly polietilen we polipropilen öndürýän zawody gurmak hakyndaky çarçuwaly ylalaşyk bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň