Aşgabatda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy boýunça iri resminamalar toplumyna gol çekildi

0
1200
0
0

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň arasyndaky gepleşikler tamamlanansoň, ikitaraplaýyn resminamalaryň onusyna gol çekildi.

Esas goýujy resminamalaryň hatarynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky bilelikdäki Beýannama bar. Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen mekdepde maýyp çagalar üçin ýyladyşhana gurmak arkaly hünär okuwyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň arasynda grant Şertnamasyna, Akademiki alyşmak we hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) bilen Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumlaryny Ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI-niň) arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Medical Excellence Japan (MEJ) guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýa ministrliginiň arasynda bilim we ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ýaponiýanyň Miho Muzeýiniň arasynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek hem-de rejelemek babatda ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama.

Diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýelerini diplomatik we gulluk wizalaryndan özara boşatmak hakyndaky mesele boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda werbal notalaryň alşylandygyny tassyklaýan Resminama, Tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Hökümetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we premýer-ministri Sindzo Abeniň gatnaşmagynda bolup geçen türkmen-ýapon işewürler maslahatynyň jemleri boýunça bilelikdäki resminamalaryň ýene-de dokuzysyna gol çekildi. Olaryň arasynda “Türkmengaz” döwlet konserni we “Itochu Corporation”, “JGС Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Chiyoda Corporation”, “Sojitz Corporation”, «Çalik Group of Companies» we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça” gurluşygyň taslamasy hakynda Çarçuwaly ylalaşyk “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «JGС Corporation» (Ýaponiý, Tokio), «Itochu Corporation» (Ýaponiýa, Tokio), “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” (Stambul, Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Daşoguz welaýatynda etileni pes dykyzlykly çyzykly polietilen öndürmek boýunça taslama barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanda Ýapon-GTL taslamasy boýunça Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Ýapon nebit, gaz we metal milli korporasiýasynyň (“JOGMEC”) arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama; “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” (Türkiýe) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda Türkmenistanda “gazy polimerlere” gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy boýunça taslama hakynda Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi bilen Ýaponiýanyň “Marubeni” korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TFEB) bilen «Sumitomo Mitsui Banking Corporation» (SMBC) bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi” (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň himiýa senagatynda amala aşyrylýan taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Çarçuwaly ylalaşyga; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Sojitz Corporation” (Ýaponiýa), “TTCL Public Company Limited” (Tailand) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” (Türkiýe) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda, Türkmenabadyň himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän toplumynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak barada Çarçuwaly ylalaşyga; Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen «Sumitomo» korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda umumy kuwwatlylygy 432 MWt (ISO şertinde) bolan ýönekeý dolanyşykda işleýän gazturbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada Şertnama gol çekildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru