Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar

21:2723.10.2015
0
3094

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Sindzo Abe Köpetdagyň etegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany bu iri atçylyk merkezini uly gyzyklanma bilen syn etdi.  Ussat çapyksuwar, “behişdi bedewlere” uly sarpa goýýan  hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyna ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, umuman, Türkmenistanda türkmen atçylygynyň gadymy däplerini aýawly saklamak we ösdürmek, bütin dünýäde bu sungaty wagyz etmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan tohumçylyk işiniň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň hem-de umumydünýä ösüşiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine we syrdamlylygyna haýran galýandygyny aýtdy. Şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini aýawly saklaýan we ösdürýän ajaýyp çapyksuwarlaryň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

24-nji oktýabrda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwar ýigitleriniň we gyzlarynyň Halkara  sirk sungatynyň ikinji festiwalyna gatnaşmak üçin Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherine ugraýandygy bellärliklidir.  Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow olara  ak ýol arzuw edip, abraýly halkara bäsleşiklerinde ajaýyp ýeňişleriň ençemesini  gazanan türkmen çapyksuwarlarynyň Hytaýda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etjekdigine,  ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrjakdygyna, şu sirk sungaty festiwalynda ýeňiji ýurt hökmünde Türkmenistanyň Döwlet tugunyň belende  galdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Atçylyk sport toplumyna gelip görmekden ýadygärlik hökmünde belent mertebeli myhman maşgalasy bilen ahalteke bedewleriniň ajaýyp wekilleriniň biriniň ýanynda surata düşdüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň