Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa Türkmenistana öz tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny bermäge taýýar

20:0423.10.2015
0
2732

Türkmen-ýapon gepleşikleriniň barşynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen senagatyny ösdürmek boýunça iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna bildirýän ynamy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Ýapon hökümetiniň Baştutany Ýaponiýanyň Türkmenistana öz tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny bermäge taýýardygyny tassyklady.

Gazhimiýa zawodyny, elektrik bekedini we beýleki desgalary gurmagyň taslamalary boýunça gol çekiljek resminamalar gelejekki ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdiginiň subutnamasydyr. Şol taslamalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 18 milliard dollaryndan hem geçýär. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şeýle hem ýapon kompaniýalary “Galkynyş” gaz ýataklaryny GTL tehnologiýasy esasynda senagat taýdan ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem taraplar söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylym-bilim mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen, Türkmenistan üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meseleleri boýunça bir pikire geldiler. Şunuň bilen birlikde, Premýer-ministr Sindzo Abe ýaşlary alyşmagyň MIRAI maksatnamasynyň çäklerinde ýapon tarapynyň şu ýylyň dekabrynda Ýaponiýa Türkmenistandan ýaşlary çagyrmaga taýýardygyny habar berdi.

Belent mertebeli myhman “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde geljek ýyl Türkmenistanda daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşygyň boljakdygyny aýdyp, öz ýurdunyň sebit hyzmatdaşlygy işine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklap, şunda türkmen Lideriniň ýardam etmegine hem bil baglaýandygyny nygtady.

Premýer-ministr Sindzo Abe sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan ulag we logistika meselelerine degip geçmek bilen, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşygynyň çäklerinde DIM-niň ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygyny nazara alyp, Ýaponiýanyň degişli ugurda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, demir ýol ulaglary ulgamynda oňaýly mümkinçilikler bar. Şunda ýokary tizlikli demir ýol gatnawyny ýola goýmak babatda baý tejribä we tehnologiýalara eýe bolan ýapon tarapy olary Türkmenistana bermäge taýýardyr.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda jemagat hojalygy, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak hem-de seýsmologiýa ulgamynda özara gatnaşyklar görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň