Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Finlandiýada geçirilen halkara ýaryşda medalla mynasyp boldular

17:4123.10.2015
0
3232

Türkmen türgenleri Finlýandiýanyň Turku şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda gylyçlaşmak boýunça ýakynda geçirilen halkara turnirinde ýokary netijeleri gazandylar. Ildeşlerimiz gylyçlaşmak boýunça erkekleriň toparynda bir altyn we aýal-gyzlaryň toparynda bolsa bir bürünç medal eýelemegi başardylar.

Türkmen türgenleriniň bu üstünligi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Döwletimiziň garaşsyzlyk derejesine eýe bolmagy bilen, sport ulgamy uly ösüşlere beslendi. Aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýüzlerçe döwrebap sport toplumlarynyň gurulmagy müňlerçe ýaş türgenleriň ukyplaryny açyp görkezmäge oňyn mümkinçiligi emele getirdi. Sportuň iň çeýe we köpçülikleýin tomaşa edilýän görnüşleriniň biri bolan gylyçlaşmak sporty tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Finlýandiýada geçirilen halkara turnirine 30-dan gowrak ýurtdan türgenleriň 350-ä golaýy gatnaşdy. Munuň özi öňde boljak ýokary derejeli ýaryşlaryň öňüsyrasyndaky esasy taýýarlaýyş tapgyrlarynyň birine öwrüldi. Şol aýgytlaýjy ýaryşlarda 2016-njy ýylda Braziliýada boljak Olimpiada ýollanmalar ugrunda bäsleşikler geçiriler. Şeýle bolandan soň, medallar ugrundaky ýaryşlar örän çekeleşikli boldy. Onda biziň türgenlerimiz ýokary ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň toparynyň düzüminde çykyş edýän sport ussatlygyna dalaşgär Serdar Baýramow geçirilen bäsleşiklerde ýeňişi elden bermän, ýokary sylaga mynasyp boldy. Turniriň toparlaýyn tapgyrynda bäsdeşler öz aralarynda dürs bäş urgy ugrunda göreşdiler. Biziň türgenimiz finlýandiýaly türgenleriň ikisini, iki şwesiýaly we bir daniýaly türgenleri ýeňmegi başardy. Bu bolsa onuň toparda birinji orun eýelemegini kesgitledi we final tapgyryna çykmaga mümkinçilik berdi. Soňra medal ugrundaky göreş olimpiýa ulgamy boýunça  ýeňlen çykmaly şertde boldy.

Bu bäsleşikde S.Baýramow ýene-de tapawutlanmagy başardy. Ol altyn medal ugrundaky final ýaryşynda bäsdeşlerinden üstün çykdy. Aýgytlaýjy bäsleşikde ol ýer eýeleriniň toparyndan Kimmo Pentikýaýnen bilen bäsleşdi. Örän çekeleşikli geçen göreşde biziň türgenimiz ýeňiş gazanmagy başardy. Netijede, Serdar Baýramow final ýaryşynda 15:13 hasaby bilen ynamly ýeňiş gazandy we ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň  Merkezi sport klubunyň wekili halkara ýaryşlarynda 2012-nji ýyldan başlap çykyş edip başlady. Ol şol ýyl ilkinji altyn medaly eýeledi. Gollandiýada geçirilen saýlama turnirinde S.Baýramow toparlaýyn ýaryşlarda ýeňiji boldy. Geçen ýyl   Türkmenistanyň çempiony we ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi daşary ýurtda geçirilen ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallary eýeläp, tapawutlanmagy başardy. Halkara turnirleri degişlilikde Makedoniýada, Şwesiýada, Türkiýede geçirildi.

Turku şäherinde geçirilen halkara turnirinde Aşgabat şäheriniň 36-njy umumy bilim berýän mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Mälikowa bürünç medala mynasyp boldy. Bu türgen topardan çykmak üçin 5 bäsleşige gatnaşdy. Olaryň barşynda ol finlýandiýaly, şwesiýaly we Beýik Britaniýadan gelen türgenlerden ynamly ýeňiş gazanyp, ýaryşyň finalyna çykmaga mümkinçilik aldy.

Çärýek finalda daniýaly türgenden 15:13 hasaby bilen ýeňiş gazanyp, A.Mälikowa soňky tapgyrda finlýandiýaly garşydaş Emmi Ridenfeld bilen duşuşdy. Ol öz toparynda öňdebaryjy bolmak bilen, ýeňşe esasy  dalaşgärleriň biri  hasaplanýardy. Ýöne bu bäsleşikde hem biziň türgenimiz örän ynamly göreşip, 15:14 hasabynda üstün çykdy.

Ýarym final ýaryşlarynda A.Mälikowa köp sanly dünýä çempionatlaryna we dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlara gatnaşan we halkara sport giňişliginde öňdebaryjy hasaplanýan daniýaly Karen Beýl bilen bäsleşdi. Bu ýaryşda biziň türgenimiz 12:15 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Mälim bolşy ýaly, Aýlar birnäçe gezek halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda tapawutlanmagy başardy. Ol gylyçlaşmagyň hanjar görnüşinde bürünç medala halkara derejesindäki ýaryşda ilkinji gezek mynasyp boldy. Mundan ozal, A.Mälikowa ýagny 2014-nji ýylda Makedoniýada geçirlen halkara turnirinde gylyçlaşmagyň şpaga görnüşindäki bäsleşiklerde tapawutlanyp, toparlaýyn birinjilikde kümüş medala mynasyp boldy. Makedoniýada geçirilen ýaryşlarda şahsy bäsleşik boýunça hormat münberiniň üçünji basgançagyna düşmegi başardy. 

Häzirki döwürde biziň türgenlerimiz Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklere taýýarlyk görýärler. Onuň jemleri boýunça iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparyň gutarnykly düzümi dörediler. Dünýäniň Kubogy ugrundaky tapgyrlaryň biri noýabr aýynyň ahyrynda Irlandiýada geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň