Soňky habarlar

Arhiw

Biziň hyzmatdaşlarymyzyň täzelikleri: Ýaponiýa

17:3423.10.2015
0
6063

Robot tehnikasynyň täsinlikleri

Adamyň duýgularyna düşünmäge ukyply täsin robotlaryň birinji tapgyry bary-ýogy bir minutyň içinde satyldy. Olary öndüriji firma androidlere ýokary baha goýdy (takmynan, 1700 dollar), muňa garamazdan, bir minutyň dowamynda internet-dükanda bir müň robot satyn alyndy.

Häzirki wagtda Ýaponiýada robot tehnikasy çalt depginler bilen ösýär. Bu ýurtda eýýäm gumanoid görnüşli robot-transformeri döretmek başartdy. Ol sanlyja sekundyň içinde iki orunlyk awtoulaga öwrülmäge ukyplydyr. Adam görnüşindäki robotyň beýikligi üç ýarym metre barabardyr, awtoulaga öwrülenden soň, ol sagatda 60 kilometr tizlik bilen hereket etmäge ukyplydyr.

“Mitsubishi Heavy Industries” kosmosdan elektrik energiýasyny almak boýunça synag geçirdi

Ýaponiýaly alymlar Fakusima heläkçilige uçrandan soň, 2011-nji ýylda alternatiw energiýa serişdeleriniň gözlegine ýykgyn etdiler.

Giňden meşhur bolan “Mitsubishi Heavy Industries” ýapon kompaniýasy gün energiýasyny almak pikirini ösdürmek babatda käbir ädimleri ätdi. Kompaniýa ýörite synag geçirdi, onuň maksady kosmosdan energiýany biziň planetamyza ibermekden ybarat boldy. Synagyň netijesinde şeýle ulgamy dolandyrmagyň örän ýönekeýdigi we çylşyrymly däldigi ýüze

çykaryldy.

Geljekde energiýanyň  iberilmegini hemralaryň kömegi bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol hemralar bolsa ýörite enjamlar bilen üpjün ediler, olar gün energiýasyny ýygnamak işlerini amala aşyrar, soňra bolsa ony Ýere iberer.

Suwuň üstündäki gün elektrik stansiýalary

Ýaponiýada suwuň üstündäki elektrik stansiýalarynyň ikisi guruldy. Olar, sözüň doly manysynda Kato şäherindäki Nişihira we Higaşihira köllerinde ýüzýärler. Toplumlar 255 watly 11 müň 256 moduldan ybaratdyr. Olar güýçli tupan şertlerine hem durnukly bolan ýörite polietilen platformalaryna ornaşdyryldy. Olaryň kölegesi suw howdanlaryndaky ösümlikleriň ösüşini peseltmäge, soňra bolsa olaryň bugarmak derejesini azaltmaga ýardam eder.

Ýakyn wagtda has uly ýüzýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy başlanar. Ol 50 müň gün panelinden ybarat bolar.

Geljegiň otlusy

Demir ýol ulagynyň tizligi boýunça Ýaponiýa kämil otlulary öndürýän Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan we beýleki käbir ýurtlardan öňe geçmegi başardy. Indi Ýaponiýada magnit ýassygyndaky otly guruldy, ol tizligini sagatda 600 kilometrden gowraga ýetirmäge ukyplydyr.

Geljegiň otlusy “Maglew” diýlip atlandyrylýar. Ýaponiýaly fizikler tehnikanyň bu täsinligini kämil derejede döretdiler, ol magnit lewitasiýasy netijesinde relslere galtaşman hereket etmäge ukyplydyr. Günüň dogýan ýurdunda eýýäm agzalyp geçilen ýokary tizlikli ulagyň hereket edýän ilkinji demir ýoly işläp başlady.

“Toyota” “wodorod” awtomobillerini öňe sürýär

Ýaponiýanyň awtomobil öndürýän “Toyota motor” kompaniýasy 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek olimpiada çenli bütin dünýä boýunça her ýyl wodorod ýangyç elementlerinde işleýän awtoulaglaryň 30 müňe çenlisini satmagy meýilleşdirýär. Ýaponiýanyň özünde bolsa atmosfera zyýanly zyňyndylary bölüp çykarmaýan şeýle awtoulaglaryň 10 müňden gowragyny satmak göz öňünde tutulýar.

“Toyotanyň” nusgalyk önümleriniň hatarynda eýýäm wodorod ýangyç elementlerinde işleýän “Mirai” (ýapon dilinde “geljek”) awtomobili bar. Ol eýýäm dürli ýurtlarda satylýar. “Wodorod” awtoulagyny işläp taýýarlamak üçin “Toyota” ýigrimi ýyldan gowrak wagty sarp etmeli boldy. Şeýle tehnologiýalar babatda “Honda” şereketi “Toyota” konserni bilen bäsleşmäge çalyşýar.

Ýaponiýa boýunça on dört dilde on-laýn ýol görkezijisi goýberildi

Syýahat etmegi halaýanlaryň her biri Ýaponiýada bolup görmedik bolsa, bu ýurda baryp görmegi arzuw edýär. Syýahatçylara baryp görmek üçin has gyzykly ýerleri seçip almaga kömek etmek, şeýle hem bu ýurda ünsi çekmek üçin Ýaponiýa boýunça internet-ýol görkezijisi – 14 dilde “Japan Hoppers” saýty işe girizildi. Ýakyn wagtda bu portalda köp dilliligiň has-da giňeldilmegi meýilleşdirilýär.

Bu ýerde eýýäm Günüň dogýan ýurdunyň 275 şäheri hem-de bir ýarym müň ajaýyp ýerleri (2015-nji ýylyň ahyryna çenli olaryň sanynyň 5 müňe çenli artmagyna garaşylýar) barada jikme-jik maglumatlary, ýapon halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary we beýleki köp sanly maglumatlary tapyp bolýar.

Bellige alnan ulanyjylar üçin syýahatçynyň anyk gyzyklanmalary nazara alnyp, ýörite teklipler göz öňünde tutuldy. Ýerli ýaşaýjylaryň saýtda syýahatçylar bilen söhbetdeş bolup bilmegi, sowallara jogap bermegi, maslahatlary bermegi, ýerli tagamlardan dadyp görmegi baradaky pikir hem gyzyklydyr.

Ömrüň dowamlylygynyň rekordy

Ýaponiýanyň Durmuş üpjünçiligi ministrligi erkekleriň arasynda ömrüň dowamlylygynyň ortaça derejesiniň artdandygyny habar berdi. Bu görkeziji 80 ýaşdan geçip, öňki netijäni 4 aý möçberinde gowulandyrdy.

Ýaponiýada zenanlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy bolsa Ýer ýüzünde iň ýokary hasaplanylýar we bu görkeziji 86 ýyl we 6 aý derejesinde saklanylýar. Ministrligiň wekili özüniň teswirlemelerinde derman üpjünçiligi babatda hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylan mahalynda ömrüň dowamlylygy babatdaky görkezijini ýene-de birnäçe ýyla uzaltmaga mümkinçiligiň bardygyna ynam bildirdi.

Ýaponiýanyň 100 ýaşdan geçen ýaşaýjylarynyň sany 60 müň adamdan gowrakdyr – bu dünýädäki rekord görkezijidir. Olaryň 87 göterimi zenanlardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň