Türkmenistanyň Kubogy — 2015: Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary sanlarda we maglumatlarda

0
266
0
0

«Hazyna» — «Şagadam»

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda birnäçe ýyllyk tejribesi bolan «Aşgabat» ýaly topary ýeňip, ýarym finala çykmagy başaran «Hazyna» bilen «Şagadamyň» arasynda şu ýyly gyzykly duşuşyklar boldy. Olaryň ikisinde «Hazynanyň» ýeňiş gazanmagy bolsa, çynlakaý oýlandyrýar. Şonuň üçin hem bu duşuşyk «Şagadama» ýeňil düşmese gerek.

«Şagadam» Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda 74 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 31-si «Şagadamyň», 29-sy bolsa garşydaş toparlaryň peýdasyna tamamlandy. «Kenarlylaryň» Kubok ýaryşynda geçiren duşuşyklarynyň 14-si deňlik hasapda jemlendi. Garşydaşlarynyň derwezelerine 103 pökgi geçiren «Şagadam» öz derwezesine 97 pökgi goýbertdi.

«Hazyna» ýurdumyzyň futbol Kubogy ugrundaky ýaryşlarda şu duşuşykda 5-nji gezek meýdana çykar. Geçen dört duşuşygyň üçüsi «ykdysadyýetçileriň» peýdasyna tamamlanypdy, topar birinde ýeňlipdi. Entek deňlik bilen oýnalan ýekeje oýun hem ýok. Pökgüleriň gatnaşygy: 7 — 6, «Hazynanyň» peýdasyna.

Indi birnäçe ýyldan bäri «Şagadam» Kubok ýaryşynyň ýarym finalyndan aňry geçip bilenok. Topar Türkmenistanyň Kubogynda soňky gezek 2007-nji ýylda final tapgyryna çykdy we  «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňip, öz taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp boldy. «Hazyna» bolsa öz taryhynda ilkinji gezek ýarym finala çykýar.  Bu gezek finala çykarka? Muny diňe duşuşyklaryň netijesi aýdyp biler.

«Balkan» — «Altyn asyr»

Final derejesine barabar duşuşygyň netijesi eýýämden özüne garaşdyrýar. «Aragatnaşykçylar» bassyr ikinji çempionlygyna has ýakyn. Çempionlyga umydy azalan «Balkan» üçin möwsümi kuboksyz tamamlamazlyk üçin oňat mümkinçilik. Üstesine-de bu ýeňiş topary öz taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Kubogyna gatnaşmaga hem ýakynlaşdyrar.

«Balkan» öz meýdanynda aňsat ýeňilýän topar däldir welin, «Altyn asyrdan» üstün çykmak «nebitçilere» kyn düşýär. Ýarym finalda mümkin däl diýeni başaryp, fantastiki oýun bilen «Ahaly» Kubok ýaryşyndan çykarmagy başaran «nebitçiler», elbetde, şol üstünligini ýene-de gaýtalamak isleýärler. Topara öz meýdanynda mümkin boldugyndan köpräk goluň gerekdigi öz-özünden düşnükli. Çünki Aşgabatda geçiriljek jogap duşuşygynda ýeňiş gazanmak has kyn düşer.

«Altyn asyryň» kubok ýaryşlarynda görkezen umumy netijeleri:

Jemi duşuşyklar: 31

Ýeňişler: 15

Deňlikler: 10

Utulyşlar: 6

Pökgüler 63 – 35

 

«Balkanyň» Kubok ýaryşlarynda görkezen umumy netijeleri:

Jemi duşuşyklar: 102

Ýeňişler: 58

Deňlikler: 13

Utulyşlar: 31

Pökgüler: 201 – 116

 

Ýarym final duşuşygyna çenli Türkmenistanyň Kubogy — 2015 ýaryşynda iň kän pökgi geçiren futbolçylar:

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru