Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Baştutanlary metbugat köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

14:4123.10.2015
0
3716

23-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana Resmi saparynyň çäklerinde «Oguzhan» köşkler toplumynyň «Magtymguly» zalynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Premýer-ministri Sindzo Abä we Ýaponiýanyň wekiliýetine oňyn gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu gepleşikler açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparyň ýapon hökümetiniň Baştutanynyň Türkmenistana ilkinji resmi saparydygyny nygtap, biz bu sapara iki döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr hökmünde garaýarys diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidentimiz şu günki duşuşygyň  özara düşünişmek ýagdaýynyň, halkara syýasatynyň esasy meseleleri boýunça taraplaryň  ýörelgeleriniň hem-de çemeleşmeleriniň meňzeşdigini görkezendigini aýtdy. Iki ýurduň Merkezi Aziýada we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Gepleşikler iki ýurduň bar bolan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy ýol bilen kadalaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistan harby ýol bilen berk we uzakmöhletleýin parahatçylygy gazanyp bolmajakdygyna ynanýar. Milletiň Lideri munuň üçin hoşmeýilli erk-islege hem-de goşulyşýan ähli taraplaryň jogapkärçiligine esaslanýan syýasy gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy.  

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga, dünýä syýasatynda esasy halkara hukugynyň hökmürowanlygyna esaslanan deňhukukly we deňagramly halkara gatnaşyklar ulgamyny döretmegiň berk tarapdarlary bolup durýandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen —ýapon gatnaşyklarynyň häsiýetine ýokary baha berdiler. Şeýle hem halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme,  transmilli jenaýatçylyga hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ulgamynda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. 

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ýaragsyzlanmak meselelerine möhüm orun berildi. Bitarap, parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde Türkmenistan üçin ýaragsyzlanmak işine ýardam bermek daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ýaponiýanyň garaýşyna, ählumumy we sebit derejelerinde ýaragsyzlanmak çäresine goldaw berýändigine ýokary baha berýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, gepleşikler taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge, Türkmenistanyň çäginde täze giň möçberli önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmekde bilelikdäki maýa goýum işi üçin şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny görkezdi.

Türkmenistan täze tehnologiýalary döretmek we ulanmak babatda ýapon tejribesine gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümlerini we dokma çig malyny gaýtadan işlemek ulgamynda, gün energiýasyny ulanmakda hyzmatdaşlyk etmäge umyt edýäris diýip, döwlet Baştutany belledi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hem bilelikde işlemek üçin   uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň häzirki wagtda hut ulag ulgamynyň Türkmenistanyň daşary – ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nazara almak bilen, Ýaponiýany Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde  möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. 

Şu ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça 3-nji Bütindünýä maslahatynyň netijelerine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlarymyz üçin möhüm bolan seýsmologiýa ulgamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen netijeli gatnaşyklaryň başlanýandygyny belläp, türkmen tarapynyň bu ugurda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardygyny aýtdy. 

Soňra döwlet Baştutanymy şu gepleşikleriň barşynda taraplaryň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň medeni ulgamyna uly ähmiýet berip, iki ýurduň halklaryny Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu ulgamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramaga ýardam bermek barada ylalaşandyklaryny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Ýaponiýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Öz nobatynda, Premýer-ministr Sindzo Abe ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtap, iki ýyl mundan ozal, şeýle hem şu ýylyň ýazynda türkmen Lideri bilen Ýaponiýada duşuşandygyny belledi. Belent mertebeli myhman özüniň işiniň köpdügine garamazdan, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçirilen möhüm foruma -- tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak baradaky Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin alysdaky Ýaponiýa gelendigini aýtdy. Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň çakylygy boýunça ol Aşgabada geldi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň nygtaýşy ýaly, öňki iki duşuşyk ýaly, şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler hem netijeli häsiýete eýe boldy. Şu gün taraplar  esasy üç ýagdaý barada ylalaşdylar. Belent mertebeli myhman olaryň birinjisini anyklaşdyryp,  Ýaponiýanyň döwlet düzümleriniň, şeýle hem hususy kompaniýalarynyň üsti bilen tebigy gazy işjeň ulanmak arkaly türkmen senagatyny täze sepgitlere çykarmagyň bähbidine Türkmenistan bilen doly möçberde hyzmatdaşlyk etjekdigini nygtady.

Premýer-ministr Sindzo Abe bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu saparyň barşynda gazhimiýa önümçiligine, elektrik beketleriň we beýleki desgalaryň gurluşygyna degişli taslamalaryň ençemesi boýunça  umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan resminamalaryň birnäçesine gol çekmegiň meýilleşdirilendigine örän şatdygyny aýtdy. Şeýlelikde, ýapon kompaniýalarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler peýda bolýar.

Ikinji ýagdaý barada aýdylanda bolsa, bu ugur işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Premýer-ministr Sindzo Abe Türkmenistanda ýapon nusgaly tehnologiki ýokary okuw mekdebini döretmek baradaky meýilnamany doly goldaýandygyny aýdyp, bu pikiriň türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça öňe sürülýändigini nygtady. Şunda Ýaponiýanyň öňdebaryjy senagat ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işinde ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Belent mertebeli myhman  Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny mübärekledi. Biz sport ulgamynda, hususan-da, göreşiň däp bolan dzýudo görnüşinde alyşmalary ösdüreris hem-de ýapon diliniň okadylyşyna ýardam bereris diýip, Premýer-ministr Sindzo Abe aýtdy. Ýaponiýanyň hökümetiniň Baştutany  türkmen telewideniýesi boýunça “Gwozdika”  atly ýapon teleserialynyň görkezilendigini belläp, türkmen teletomaşaçylarynyň ýapon telewideniýesiniň beýleki gepleşiklerini hem görmegini arzuw etdi.

Soňra belent mertebeli myhman geçirilen duşuşykda taraplaryň Merkezi  Aziýa  sebiti üçin umumy wezipeleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda taraplaryň bir pikire gelendigini nygtady. Şu hyzmatdaşlykda ulag we logistika ulgamlary möhüm ugurlar hökmünde çykyş edýär.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri taraplaryň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek işinde hyzmatdaşlyk etmäge hem-de sebitiň ýurtlary bilen bilelikde bu ugurda degişli çäreleri görmäge meýillidigini tassyklady. Belent mertebeli myhman geljek ýyl  “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” gepleşiklerine gatnaşýan döwletleriň  daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň meýilleşdirilýändigini belläp, bu duşuşygy üstünlikli geçirmek maksady bilen, iki ýurduň özara gatnaşyklary çuňlaşdyrjakdygyny nygtady. 2015—2016-njy ýyllarda Türkmenistan oňa başlyklyk eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň