Düýn agşam Aşgabada ilkinji resmi sapar bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe geldi

0
905
1
0

Düýn agşam Aşgabada ilkinji resmi sapar bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe geldi. Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň arasynda türkmen-ýapon gepleşikleri geçiriler.

Türkmenistan we Ýaponiýa özara hormat goýmak hem-de birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek we çuňlaşdyrmak babatda Aşgabat duşuşygyna uly umyt bildirýärler.

Täze taryhy şertlerde taraplaryň ikisi hem däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezip, özara gatnaşyklary düýbünden täze esasda guraýar. Şol gatnaşyklar bolsa ykdysady bähbitleriň we döwlet ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlarynyň deňagramlylygyna esaslanýar.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän ýurtlaryň ikisi hem soňky ýyllaryň dowamynda halkara giňişliginde birek-birege yzygiderli goldaw berip gelýärler we diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýärler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygy boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň berkidilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýa parahatçylygy, durnuklylygy we okgunly ösüşi üpjün etmek maksadynda, sebitiň ýurtlary bilen tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny mälim edýär. Işjeň ösdürilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşikleri hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistan 2015—2016-njy ýyllarda onda başlyklyk edýän döwlet hökmünde saýlanyldy.

Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk hem-de Günüň dogýan ýurdundan bolan hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan işewürlik teklipleri dünýäde esasy energiýa döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilen Türkmenistana, onuň nebiti we gazy gaýtadan işleýän hem-de himiýa senagatynda durmuşa geçirýän maksatnamalaryna ägirt uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uly geljegi barada aýdyp, onuň köp ugurlary öz içine alýandygyny bellemän geçmek bolmaz. Şol ugurlaryň hatarynda bolsa senagat pudaklary, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş, sport we beýleki köp sanly ulgamlar bar. Şol ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi örän uludyr.

Milli ykdysadyýeti okgunly ösdürmäge we degişlilikde, onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga ugur alan Türkmenistan Ýaponiýanyň ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda toplan öňdebaryjy tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýada iri ylmy-barlag merkezleriniň binýadynda ýurdumyzyň ýokary hünärli işgärlerini taýýarlamaga, şeýle hem nanotehnologiýalar ulgamynda we ýokary düşewüntli önümçilikleri döretmekde tejribe alyşmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat ulgamyndaky gatnaşyklar hem ýylsaýyn işjeňleşdirilýär. Yzygiderli geçirilýän medeni çäreler — sergiler, Ýaponiýanyň günleri, kinofilmleriň görkezilişi, döredijilik duşuşyklary we wekiliýetleriň alyşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär hem-de iki dostlukly ýurduň halklarynyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.

Türkmen paýtagtynda geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň ählisiniň gol çekmäge taýýarlanylýan ikitaraplaýyn resminamalara girizjekdigini bellemelidiris. Şol resminamalar bolsa, gürrüňsiz, soňky ýigrimi ýylda ýola goýlan, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru