FISU-nyň baş sekretary Aşgabatda Türkmenistanda talyplaryň arasynda halkara sport oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy

0
449
15
0

Halkara uniwersitet sportunyň federasiýasynyň (FISU) baş sekretary Erik Saýntrond iş sapary bilen Aşgabatda boldy. Onuň barşynda myhman Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Ýurduň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanda talyplaryň arasynda halkara sport oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini belläp, taraplar özara gatnaşyklary dowam etdirmäge degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Mundan başga-da, türkmen talyplarynyň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagyna degişli meseleler boýunça pikir alşylyp, sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň gelejegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparynyň çäklerinde Erik Saýntrond we onuň wekiliýetiniň agzalary Olimpiýa şäherjiginde boldular. Bu ýerde olar toplumyň gurluşygynyň depginleri we hili bilen, şeýle hem häzire çenli taýýar edilen sport desgalarynyň ýöriteleşdirilen sport zallary we köpugurly meýdançalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru