«Daşoguz» üçünji ýeňşini gazandy, Mary derbisinde ýeňiji ýene-de «Merw»

0
303
0
0

Ýokary liganyň 30-njy tapgyrynyň ikinji gününde duşuşyklaryň üçüsi geçirildi. Olaryň biri Aşgabatda, biri Baýramalyda, ýene bir hem Daşoguz şäherinde boldy.

Aşgabatda geçirilen «Altyn asyr» — «Şagadam» duşuşygyna, megerem, tapgyryň oýny diýibem bileris. Çünki bu iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň ählisi hem juda çekeleşikli boldy. Üstesine-de möwsümde «Altyn asyry» ýeňip bilen ýeketäk topar hem «Şagadamdy».

«Kenarlylar» bu gezek ilki bolup hasaby açdylar. Geçen tapgyrda «Energetik» bilen bolan oýunda hem toparyny öňe çykaran Yhlas Magtymow şol başarnygyny ýene-de gaýtalady. Şeýlelikde, duşuşygyň 35-nji minudynda geçirilen gol bilen myhmanlar öňe saýlandylar. Hatda birinji ýarym hem şu hasap bilen tamamlandy.

Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ikinji ýarymda tijendiler. Yzygiderli geçirilen hüjümleriň biri 53-nji minutda miwesini berdi. Hasaby Didar Hajyýew deňledi. Ýöne şundan soň duşuşykda hasaby artdyrmak toparlaryň hiç birine-de başartmady. «Altyn asyr» bilen «Şagadamyň» möwsümdäki dördünji oýny deňlik bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, şu ýyl «aragatnaşykçylar» «kenarlylary» öz meýdanynda ýeňip bilmediler. Türkmenbaşy şäherindäki duşuşyklaryň ikisem «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlandy.

...Baýramaly şäherinde Mary derbisi geçirildi. Ýokary liganyň täze wekili «Energetik» «şäherdeşi» bilen möwsümde iň soňky gezek duşuşdy. 34-nji minuda çenli deňeçer dowam eden duşuşykda hasaby ilkinji bolup ýer eýeleri açdylar. 34-nji minutda Mekan Nasyrowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy «Energetigi» öňe çykardy. Şonda 10 minut çemesi soňrak «Energetigiň» öz derwezesine hem 11 metrlik jerime berildi. «Merwiň» «penaltisti» Begenç Alamow, hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem jerimäni ussatlyk bilen ýerine ýetirip, hasaby deňledi. Şondan soň tä 81-nji minuda çenli hasaby artydyrmak toparlaryň ikisine-de başartmady. Ýöne futbol soňkuja sekuntlarda hem hasabyň üýtgäp bilýänligi üçin hem gyzykly. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 9 minut galanda Tirkiş Muhammetberdiýew dörän mümkinçilikden dürs peýdalanyp, myhmanlary öňe çykardy. Şeýlelikde, oýun «Merwiň» peýdasyna tamamlandy.

...Günüň üçünji bir duşuşygynda bolsa «Daşoguz» öz meýdanynda HTTU-dan üstün çykdy. Duşuşykda ähli zat HTTU-nyň tersine gitdi diýip bolar. 24-nji minutda Orazberdi Myradow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmän, hasaby açmaga bolan mümkinçiligi elden gidirdi. Tä soňky minutlaryna çenli 0:0 hasabynda dowam eden duşuşykda, ahyr soňy Elzar Kurbanow ýer eýelrini öňe çykardy. Esasan, HTTU-nyň artykmaçlygy bilen geçen duşuşykda ýer eýelri dörän az sanly mümkinçilikleriň birinden peýdalanyp, möwsümdäki üçünji ýeňşini gazandylar.

Şeýlelikde, 30-njy tapgyr deňlikleriň tapgyry boldy. 5 duşuşygyň 3-si deňlik bilen tamamlandy. Bir oýunda myhmanlar, ýene birinde-de ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Ýene bir üýtgeşme hem «Daşoguzyň» möwsümde ýygnan utuklarynyň sanyny 10-dan geçirmegidir.

 

Türkmenistanyň Ýokary ligasy:

30-njy tapgyryň duşuşyklary (21-nji oktýabr):

«Daşoguz» 1 — 0 HTTU

Gol: 1-0, Elzar Kurbanow.

 

«Altyn asyr» 1 — 1 «Şagadam»

Gollar: 0-1, Yhlas Magtymow 35’ 1-1, Didar Hajyýew 53’

 

«Energetik» 1 — 2 «Merw»

Gollar: 1-0, Mekan Nasyrow 34 (penalti); 1-1, Begenç Alamow 45+2 (penalti) 1-2, Tirkiş Muhammetberdiýew 81’.

 

21-nji oktýabrdaky duşuşyklardan soň ýaryş tertibiniň ýagdaýy:

«ALTYN ASYR» 28/71
«BALKAN»         29/57
«AHAL»              29/48
«AŞGABAT»      29/46
«ŞAGADAM»     29/45
«MERW»            29/38
HTTU                  28/36
«HAZYNA»        27/31
«ENERGETIK»  29/15
«DAŞOGUZ»     29/11

 

Iň köp pökgi geçiren futbolçylar:

1. Myrat Ýagşyýew, «Balkan», 27 gol;

2. Süleýman Muhadow, «Altyn asyr», 23 gol;

3. Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal», 22 gol;

4. Berdi Şamyradow, «Aşgabat», 18 gol;

5. Hemra Amanmämmedow, «Şagadam», 16 gol.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru