Aşgabatda ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp ýaş žiwopisçileriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň döredijilik bäsleşigi geçirildi

07:5522.10.2015
0
4317

Aşgabat şäher häkimliginiň medeniýet müdirligi tarapyndan guralan bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Çagalaryň döredijiliginde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri we şu günki günüň hakykaty öz aýdyň beýanyny tapýar. Olar öz işlerinde ezizi şäherleri, ol ýerleriniň adamlary, gurulýan täze binalar, baýramçylyklar, türkmen halkynyň däp-dessurlary barada gürrüň berýärler.

Žiwopisçileriň arasynda B.Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçylary Näzik Poladowanyň, Mähri Ýazmyradowanyň, 2-nji çeperçilik mekdebinden Wýashanal Durdyýewanyň, Merýem Döwletowanyň, Ogulaý Kaşanowanyň, şeýle hem B.Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinden zergär Tagan Taganowyň we heýlektaraş Ogulşat Mämmedowanyň işleri iň gowy eserler hökmünde bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň