Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar

21:2221.10.2015
0
7665

Türkmenistanyň işjeň hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň gol çeken Karary hem munuň nobatdaky subutnamasy bolup, şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy “Sumitomo Corporation” (Ýaponiýa) kompaniýasy bilen Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň taslamasyny düzmek we gurmak barada şertnama baglaşar.

Häzir Türkmenistan we Ýaponiýa däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, ykdysady bähbitleriň deňagramlylygyna hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanan özara gatnaşyklaryň nusgasyny döredýär.

Ýokary derejede, hökümetara we pudagara derejelerinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar iki dostlukly ýurtlaryň netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap alnan ugra ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň her biri bu gün täze mazmuna eýe bolýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça işewür pikir alyşmalara öwrülýär.

2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran resmi sapary däbe öwrülen türkmen-ýapon gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi. Şol saparyň jemleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Olaryň hatarynda “Täze hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky bilelikdäki Beýannama”, tehniki hyzmatdaşlyk, tebigy gazy ýokary tehnologik usulda gaýtadan işlemek, ykdysadyýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda ikitaraplaýyn resminamalar bar. “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Sojitz” “Chiyoda”, “Nippon”, “ITOCHU”, “JGC”, “Kawasaki”, “TOYO”, “Mitsui”, “Tsukishima”, “Mitsubishi”, “Sumitomo” ýapon kompaniýalary bilen, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky bilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Amala aşyrylmagy bellenilen taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan hem geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge özara gyzyklanma bildirildi. Bu duşuşyk şu ýylyň martynda Sendaý şäherinde boldy. Bu ýerde BMG-niň «Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak» atly III Bütindünýä maslahaty geçirildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, işewür hem-de düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine, hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewür maslahatlara ähmiýetli orun berilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol saparyň çäginde Ýaponiýanyň işewürleri bilen geçiren duşuşygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylan duşuşykda ýapon işewürleri hyzmatdaşlyk etmek, onuň netijeliligini artdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdiler. Mundan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň