Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy

18:0021.10.2015
0
1369

Türkmneistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça GDA gatnaşyjy ýurtlaryň  döwlet Baştutanlarynyň 16-njy oktýabrda geçirilen Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna bolan iş sapary barada hasabat berdi.

Sammitiň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler we resminamalaryň taslamalary, şol sanda 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Daşoguz şäherini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni merkezi diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip “Garaşsyzlygyň    medeni merkezleri” döwletara maksatnamasynyň çäklerinde biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Türkmenistanyň iri halkara medeni-ynsanperwer çäreleri geçirmegiň tejribesine baýdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl Daşoguz şäheriniň hem bu hormatly wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz Daşoguz şäherinde guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň goňşy ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga, Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de  netijeli özara gatnaşyklaryň täsirli gurallaryny döretmäge gönükdiriljekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara çäreleriň maksatnamasyny öz wagtynda taýýarlamak barada tabşyryklar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň