Soňky habarlar

Arhiw

Iki duşuşykda on iki gol — tapgyr gyzgalaňly başlandy

17:4321.10.2015
0
3759

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 30-njy tapgyry gyzgalaňly başlandy. Tapgyryň Aşgabatda bir wagtda geçirilen ilkinji iki duşuşygynda 12 gol geçirildi! Şeýle hem iki oýnuň hem birmeňzeş 3:3 hasabynda tamamlanmagy özüne çekmän duranok.

“Aşgabat” – “Balkan” duşuşygynda ilki başda ähli zat ýer eýeleriniň peýdasynady. Olar 14-nji minutda Ruslan Gurbanowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik urgusyndan soň öňe saýlandylar – 1:0. Arakesmä bolsa 2:0 hasabynda çykdylar. 39-njy minutda Berdi Şamyradow özüniň häzirki çempionatdaky 18-nji goluny geçirdi. Ikinji ýarymda Rustam Matrizaýewiň 54-nji minutda we çempionatyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda öz öňdebaryjylygyny pugtalandyran Myrat Ýagşyýewiň 58-nji we 66-njy minutlarda geçiren gollary netijesinde “Balkan” öňe saýlandy – 3:2. Emma bu artykmaçlyk uzaga çekmedi. Iki minut soňra Ruslan Gurbanow ikinji gezek tapawutlanyp, “Aşgabady” ýeňlişden halas etdi.

Netijede, duşuşygy deňlikde tamamlan toparlaryň ikisi hem —“Balkan” çempionlyk ugrunda göreşde, “Aşgabat” bolsa bürünç medal ugrundaky bäsleşikde özlerine zerur bolan iki utugy ýitirdiler.

“Hazyna”- “Ahal” duşuşygynyň wakalary hem juda dartgynly boldy. Duşuşygyň dowamynda myhmanlar iki gezek öňe saýlandylar. Ilkibaşda – 1:0, arakesmeden soňra bolsa – 2:1. Emma soňra Ahmet Agamyradowyň şägirtleri oýny öz ellerine aldylar we “Hazynanyň” iň netijeli oýunçysy Didar Durdyýewiň 54-nji we 74-nji minutlarda geçiren gollary netijesinde öňe saýlanmagy başardylar – 3:2. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna iki minut galanda Rahmet Şermetowyň ikinji golunyň kömegi bilen “Ahal” ýeňlişden halas boldy.

30-njy tapgyr “Energetik”- “Merw”, “Daşoguz”- HTTU we “Altyn asyr” – “Şagadam” duşuşyklary bilen tamamlanar.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

"Aşgabat" – "Balkan" – 3:3 (2:0)

20-nji oktýabr. Aşgabat. "Aşgabat" stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Ruslan Gurbanow 14 (11 metrlik urgudan), 68, Berdi Şamyradow 39 – Rustam Matrizaýew 54, Myrat Ýagşyýew 58, 66.

Duýduryş alanlar: Annaberdi Çaryýew 16 – Serdaraly Ataýew 3, Aşyrgeldi Saryýew 13, Amir Gurbani 40.

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Çaryýar Ataýew.

 

"Hazyna" – "Ahal" – 3:3 (1:1)

20-nji oktýabr. Aşgabat. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Begenç Akmämmedow 45+1, Didar Durdyýew 54, 74 – Rahmet Şermetow 8, 88, Myrat Hamraýew 48.

Duýduryş alanlar: Berdimyrat Rejepow 78 – Orazmuhammet Işangulyýew 31, Myrat Hamraýew 53, Mihail Titow 78.

Emin: Maksat Seýitgulyýew.

Duşuşygyň inspektory: Wadim Baratow.

 

21-nji oktýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 27 (2 – 11 metrlik urgudan) gol.

Süleýmän Muhadow ("Altyn asyr") – 23.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 22.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") – 18 (1).

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 16 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň