Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanda resmi saparda bolar

16:4121.10.2015
0
2605

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrdaky mejlisinde hem habar berlişi ýaly, ýakyn günlerde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanda resmi saparda bolar.

Soňky ýyllarda däbe öwrülen türkmen-ýapon gatnaşyklary hil taýdan täze sepgitlere çykdy.  Ýokary derejede ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar, dürli derejedäki ikitaraplaýyn yzygiderli guralýan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm wakalary alamatlandyrdy. Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine, şeýle hem özara gatnaşyklaryň netijeli görnüşlerini hem-de  ugurlaryny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewür forumlara möhüm orun degişlidir.

Nobatdaky türkmen-ýapon gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitjek resminamalar toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Mejlisde milletiň Lideri  türkmen-ýapon gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrunyň biridigini nygtady. Şeýle-de Türkmenistan işjeň hem-de ygtybarly hyzmatdaşlaryň biri bolan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ähmiýet berýär. Şunda döwlet Baştutany  ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly herekete girizmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlygyň  ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň