Aşgabatda “Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

0
230
0
0

20-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda “Statistikanyň gazananlary jemgyýetiň hyzmatynda”  atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlar düzümi, BMG-niň Türkmenistandaky  Ösüş maksatnamasynyň wekilleri,  talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygynyň öňüsyrasynda guralan forum Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen we şu ýyl “Maglumatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuşyň hilini ýokarlandyrmak”  diýen şygar astynda geçirilýän ikinji Bütindünýä statistika gününe gabatlanyldy.

Forumda çykyş eden BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins BMG-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygynyň ornuny hem-de bilelikdäki taslamalarda öňde goýlan wezipeleri we ösüş ulgamyndaky wezipeleri çözmekde öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. 

Çykyş edenler milli statistika ulgamynyň gazananlary barada aýdyp, soňky ýyllarda bu ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen, hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ykdysady we durmuş ýagdaýlarynyň statistiki hasabatynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellediler. Şeýle hem buhgalter hasabatlylygynyň we maliýe hasabatlarynyň milli hem-de halkara standartlarynyň ornaşdyrylyşynyň barşynda statistiki gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilýändigini nygtadylar.

Forumyň barşynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin wezipeleri kesgitlemekde milli statistika ulgamynyň orny, gender syýasatyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak meselelerinde bu ulgamyň ähmiýeti, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda statistiki hasabatlaryň aýratynlyklary, statistika edaralaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada çykyşlar edildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa  Ýüzlenme kabul etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru