Soňky habarlar

Arhiw

Tbiliside “Türkmenistan” dükany açyldy

10:0621.10.2015
0
4199

Gruziýanyň paýtagty Tbiliside “Türkmenistan” dükany açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary, şeýle hem iri gruzin kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabara çagyrylan hormatly myhmanlaryň arasynda Tbilisiniň şäher ýolbaşçylary, Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri boldy.

Dabaranyň çäklerinde biziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, şol sanda dokma senagatynyň harytlarynyň, haly we haly önümleriniň, milli sowgatlyklaryň giňişleýin ýarmarkasy guraldy. Bulardan başga-da, “Hazar” hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümleri, “8 ýap”, “Saba”, “Eçil” miwe şireleri we beýlekiler bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Dokma senagaty hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan guralan ýarmarka täze dükanda işjeň söwdanyň ýola goýulmagynyň başlangyjy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň