Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasy açyldy

10:0021.10.2015
0
2675

17-nji oktýabrda, Pekinde Türkmenistanyň   Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň edara binasy “SK Tower” işewürlik merkezinde ýerleşdi.

Dabara HHR-yň DIM-niň we Täjirçilik ministrliginiň, Hytaýyň gurluşyk önümlerini öndürijileriniň assosiýasiýasynyň hem-de Hytaý Halkara söwda birleşiginiň wekilleri, HHR-yň käbir welaýatlarynyň we şäherleriniň ýolbaşçylary, Pekinde resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, hytaýly işewürler hem-de žurnalistler gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň HHR-daky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we işewür wekiliýetiň agzalary gatnaşdy.

Hytaý Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar hem-de ýurdumyzdan alýan harytlarynyň  möçberini artdyrmaga taýýardyr. Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, şeýle hem Pekinde açylan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasynyň maksatlary hem-de wezipeleri barada-da gürrüň edildi.

Wekilhana Türkmenistanyň we HHR-yň işewürleriniň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, tejribe  we tehnologiýalary alyşmaga, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň