Aşgabatda Türkmenistanyň saýlawlary demokratik esaslarda guramaçylykly geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar

07:3621.10.2015
0
3233

20-nji oktýabrda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň hem-de Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, milli synçylar — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi ýurdumyzda saýlawlary demokratik esasda, milli tejribä hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda guramaçylykly geçirmek boýunça öňde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly boldy.

Mejlise gatnaşyjylar hukuk ulgamynda gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen “Açyk gapylar” syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Saýlawlary geçirmek işiniň ähli tapgyrlaryna syn etmek üçin daşary ýurtlaryň köpüsinden hem-de iri halkara guramalaryndan garaşsyz synçylaryň çagyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýygnananlar Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýändigini hem-de bu ulgamda adam hukuklaryny üpjün etmäge degişli esasy resminamalaryň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Adam hukuklaryny üpjün etmek, ilkinji nobatda, ählumumy saýlaw hukugy, raýatlaryň saýlawlara meýletin gatnaşmagy, hödürlenýän dalaşgärler üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz etmegiň erkinligi, saýlawçylaryň saýlaw hukuklaryny goramak, aýanlyk we açyklyk bilen baglanyşyklydyr.

Özara tejribe alyşmak we hereket edýän halkara kadalary hem-de daşary ýurtlarda saýlawlary guramagyň tejribesi bilen tanyşmak, saýlaw ulgamynda işleýän halkara bilermenleriň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlisleri, geňeşmeleri, okuw maslahatlaryny hem-de “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirmek milli saýlaw ulgamynyň kuwwatyny berkitmek ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmekde möhüm orun eýeleýär.

Şu mejlisiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar saýlaw edaralarynyň işi, saýlawçylary hem-de dalaşgärleri bellige almak çäresi, şeýle hem giň jemgyýetçiligi habarly etmek, saýlawlaryň öň ýanyndaky esasy tapgyrlary we saýlawlary geçirmegiň ýörelgeleri bilen baglanyşykly halkara standartlaryny milli saýlaw ulgamyna ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň ýerlerde alnyp barylýan işler baradaky habarlary diňlenildi. Hususan-da, öňümizdäki saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, ýörite taýýarlanylan maglumat we beýleki edebiýatlara — saýlaw toparlarynyň agzalaryna, milli we halkara synçylaryna, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hem-de saýlawçylara kömek hökmünde Merkezi saýlaw topary tarapyndan çap edilen kitapçalara, degişli gollanmalara seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň