Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Braziliýanyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy

07:0421.10.2015
0
3464

20-nji oktýabrda Aşgabatda “Mizan” täjirçilik merkezinde “tegelek stol” görnüşinde geçirilen türkmen-brazil işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlanyldy.

Duşuşygyň barşynda Braziliýanyň işewürler toparlarynyň Latyn Amerikasyndaky uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaş hökmünde türkmen ykdysadyýetiniň ileri tutulýan taslamalaryna, hususan-da, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, şeýle hem syýahatçylyk we sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaklarynyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhmanlar daşary ýurt işewürleri üçin döredilen amatly maýa goýum şertlerine ýokary baha berdiler, ýurdumyzda daşary ýurt maýalarynyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ygtybarly kanunçylyk binýadyň döredilendigi, amala aşyrylýan iri möçberli we netijeli durmuş-ykdysady özgertmeler, halk hojalyk toplumynyň ähli möhüm ulgamlarynda gazanylýan ýokary görkezijiler olarda uly gyzyklanma döretdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-brazil işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, alternatiw energetikanyň we daşky gurşawy goramagyň halkara kadalarynyň berk berjaý edilmegi esasynda, innowasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegini hem hasaba almak bilen, ýokary tehnologiýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak maksady bilen türkmen we brazil işewürleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar doly möçberli türkmen-brazil gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigini kanagatlanmak bilen belläp, şu gezekki maslahatyň iki dostlukly ýurtlaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň binýady boljakdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň