Arhiw

Bir günde 12 gol, ýöne ýeňiji ýok

21:0920.10.2015
0
1158

20-nji oktýarbda Aşgabatda Ýokary liganyň 30-njy tapgyrynyň iki duşuşygy geçirildi. Olarda «Aşgabat» «Balkany», «Hazyna» «Ahaly» kabul etdi.

Şu ýyl Aşgabatda paýtagtyň adybir toparyny ýeňip bilmedik «Balkana» şol arzyly ýeňiş ýene-de nesip etmedi. Gaýtam, duşuşygyň 14-nji minudynda Ruslan Kurbanow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, «paýtagtlylary» öňe geçirdi. Şondan soň ikitaraplaýyn hüjümleriň birnäçesi geçirilip, 39-njy minutda «Aşgabadyň» hüjümleriniň biri öz netijesini berdi. Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 6 gezek iň netijeli futbolçysy bolmagy başaran tejribeli hüjümçi Berdi Şamyradow hasaby 2-ä çykardy. Myhmanlaryň umydyny has azaldan şu hasap bilen hem duşuşygyň birinji ýarymy tamamlandy.

Ýöne «Balkan» aňsat-aňsat baş bermeýän, ýaşyl meýdanda hemişe okgunly hereket edýän topardygyny ýene bir ýola görkezdi. Şeýlelikde, 54-nji we 58-nji minutlarda Rustam Mätrizaýew bilen Myrat Ýagşyýewiň dürs urgularynyň netijesinde hasap deňlendi. Bu bolsa iki tarapda hem hüjümleriň has ýitileşmegine sebäp boldy. Şonuň netijesinde-de duşuşyga tomaşa etmäge gelen janköýerleriň gollaryň ýene-de ikisine şaýat boldular. Özi-de bary-ýogy iki minutda iki gol. Ýöne geçirilen pökgüleriň her haýsy aýratyn topara degişli. 67-nji minutda Myrat Ýagşyýew myhmanlary umytlandyryp, hasaby 2:3-e çykardy. Şeýlelikde, möwsümiň iň netijeli futbolçysy derwezelere geçiren pökgüleriniň sanyny hem 27-ä çykardy. Myrada geçen möwsümiň bombardiri Mämmedaly Karadanowyň görkezijisini gaýtalamak üçin ýene-de ýekeje gol ýeterlik.

Duşuşygyň beýanyna gaýdyp gelsek, myhmanlaryň begenji bary-ýogy bir minuda çekdi. 68-nji minutda Ruslan Kurbanow owadan urgy bilen hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi.

Duşuşykda şundan soň derwezelere pökgi girizilmedi. 6 golly duşuşyk 3:3 hasabynda deňlik bilen tamamlandy.

... «Hazyna» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyk toparlaryň arasynda üçünji aýlawda geçirilen oýun bilen meňzeş diýip bileris. Çünki duşuşygyň ahyrynda ýene şol bir hasap alyndy — 3:3.

Gol «tupanyna» 8-nji minutda «Ahal» başlady. Rahmet Şermetowyň ussatlygy bilen öňe çykan myhmanlar bu hasaby birinji ýarymyň ahyryna çenli saklamagy başardylar. Ýöne birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň ilkinji minudynda Begenç Akmämedowyň goly bilen «Hazyna» hasaby deňledi. Şol deňlik bilen hem birinji ýarym tamamlandy.

Ikinji ýarymdaky hüjümleri netijäni ýene-de ilkinji bolup «Ahal» gazandy. Eminiň duşuşygyň başlaýandygyny yglan eden jürlewüginden bary-ýogy 3 minut soňra milli ýygyndymyzyň tejribeli goragçysy Myrat Hamraýew myhmanlary ýene-de öňe çykardy. Bu gol güýçli garşydaşy bilen deňeçer oýny orta goýup biljekdigini üçünji aýlawda görkezen «Hazynany» ruhdan düşürmedi. Şondan 6 minut soňra ýene-de hasap deňlendi. Bu gezek Didar Durdyýew tapawutlandy. Duşuşykdaky ilkinji golundan ruhlanan Didar üçin edil 3 minut yz ýanyndan — 57-nji minutda ýene bir mümkinçilik döredi we hüjümçi bu pursatdan hem dürs peýdalandy. Şeýlelikde, indi ýer eýeleri öňe çykdy. Hasap — 3:2. Olar bu üstünligini duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 2 minut galýança gorap sakladylar. Ýöne «Oýny açan ýapar» diýilşi ýaly, Rahmet Şermetow duşuşygyň gollaryna nokat goýdy. 88-nji minutda ýene bir gezek tapawutlanan R.Şermetow toparynyň hasaby deňlemegine goşant goşdy.

Şeýlelikde şu gün geçirilen 2 duşuşykda derwezelere 12 pökgi girdi. Iki duşuşyk hem şol bir hasap bilen tamamlandy — 3:3. Her duşuşykda iki futbolçy iki gezek tapawutlanmagy başardy. Alnan netijeler bolsa toparlaryň ýaryş tertibinde eýeleýän orunlaryna täsirini ýetirmedi.

 

Türkmenistanyň Ýokary ligasy:

30-njy tapgyryň duşuşyklary (20-nji oktýabr):

«Aşgabat» 3 — 3 «Balkan»

Gollar:

1-0, Ruslan Kurbanow 14’ (penalti);

2-0, Berdi Şamyradow 39’;

1-2, Rustam Mätrizaýew 54’;

2-2, Myrat Ýagşyýew 58’;

2-3, Myrat Ýagşyýew 67’;

3-3, Ruslan Kurbanow 68’.

 

«Hazyna» 3 — 3 «Ahal»

Gollar:

0-1, Rahmet Şermetow 8’;

1-1, Begenç Akmämmedow 45+1;

1-2, Myrat Hamraýew 48;

2-2, Didar Durdyýew 54’;

3-2, Didar Durdyýew 57’

3-3, Rahmet Şermetow 88’

 

20-nji oktýabrdaky duşuşyklardan soň ýaryş tertibiniň ýagdaýy:

1. «ALTYN ASYR» 27/70
2. «BALKAN» 29/57
3. «AHAL» 29/48
4. «AŞGABAT» 29/46
5. «ŞAGADAM» 28/44
6. HTTU 27/36
7. «MERW» 28/35
8. «HAZYNA» 27/31
9. «ENERGETIK» 28/15
10. «DAŞOGUZ» 28/8

 

20-nji oktýabrdaky duşuşyklardan soň, möwsümiň iň kän pökgi geçiren futbolçylar:

1. Myrat Ýagşyýew, «Balkan», 27 gol;

2. Süleýman Muhadow, «Altyn asyr», 23 gol;

3. Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal», 22 gol;

4. Berdi Şamyradow, «Aşgabat», 18 gol;

5. Hemra Amanmämmedow, «Şagadam», 16 gol.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň