Soňky habarlar

Arhiw

Türkmeni futbolçysy Artur Geworkýanyň topary Özbegistanyň Kubogyna mynasyp boldy

21:0420.10.2015
0
1881

17-nji oktýabrda Özbegistanyň futbol Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Halkara derejeli emin, geçen ýyl futbol boýunça dünýä çempionatynda hem eminlik eden Rawşan Irmatowyň alyp baran bu duşuşygynda Özbegistanyň futbol çempionatynda-da üstünlikli çykyş edýän toparlar bolan «Nasaf» bilen «Bunýodkor» duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, «Nasafyň» düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Artur Geworkýan hem çykyş edýär. Ildeşlerimiz Arturyň oýunlaryna şu aýyň dowamynda milli ýygyndymyzyň hatarynda iki gezek tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.

Birinji ýarymynda hasap açylmadyk duşuşygyň 71-nji minudynda türkmen futbolçysy «Nasafy» öňe çykardy. Kuboga bir ädimem bolsa ýakynlaşan «Nasafyň» futbolçylary şondan soň okgunly hüjümleriň birnäçesini geçirdi. A.Geworkýan bolsa olarda esasy orunda boldy. Şeýlelikde, ilkinji goldan üç minut soňra topar garşydaşlarynyň derwezesine ýene bir goly geçirdi. Bu gezek Bu gezek Şerzod Agzamow tapawutlandy. «Bonýodkor» 81-nji minutda aralygy ýygyrmagy başarsa-da,  hasaby deňläp bilmedi. Şeýlelikde, Garşy şäheriniň «Nasafy» özüniň 29 ýyllyk taryhynyň içinde Özbegistanyň Kubogyna birinji gezek mynasyp bolup gördi. Bu üstünlikde türkmen futbolçysynyň goşandy uludyr.

2013-nji ýylda Özbegistanyň iň gowy futbolçysy, 2014-nji ýylda Özbegistanyň çempionatynyň iň netijeli hüjümçisi bolan A.Geworkýan şol ýyllarda özbek futbolyndaky iň gowy legioner hökmünde hem ykrar edildi. Häzirki wagtda türkemn futbolçysy «Nasafyň» düzüminde 103 duşuşyga çykdy we 55 goly bar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň