Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýewiň topary Russiýanyň çempionatynda nobatdaky ýeňşini gazandy

0
837
8
0

Russiýa Federasiýasynyň futbol boýunça Premýer ligasynyň 12-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň tälimçilik edýän topary çempionatyň täze wekilini — Mordowýany kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, Don boýundaky Rostowyň adybir futbol topary şu ýylky çempionatda gowy netijeleri görkezýänligi bilen köp sanly futbol söýüjileriň we hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär. «Rostow» şu tapgyrda hem janköýerleriniň ynamyny ödemegi başardy.

Duşuşygyň eýýäm 17-nji minudynda «Mordowýanyň» futbolçysy Ruslan Nahuşewiň ýalňyşlyk bilen öz derwezesine pökgi girizmeginiň netijesinde, türkmen tälimçisiniň topary öňe saýlandy. Ýöne şondan 6 minut soňra myhmanlar Wladimr Rykowyň dürs urgusy bilen hasaby deňlemegi başardylar. Duşuşygyň birinji ýarymy toparlaryň deňeçer oýny bilen tamamlandy.

58-nji minutda Ruslan Muzametşin myhmanlary öňe çykardy. Şondan soň tä duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 7 minut galýança ýer eýelerine hasaby deňlemek başartmady. Ýöne tejribeli tälimçiniň birnäçe oýunçy çalşyklaryny geçirip, oýnuň gidişini üýtgetmegi oňyn netijesini berdi. Şeýlelikde, dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda ildeşlerimiziň nobatdaky garşydaşy bolan Eýranyň milli ýygyndysynyň iň esasy hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun 83-nji minutda hasaby deňledi. Bu gol ýer eýelerini ganatlandyrdy diýsek ýalňyşdygymyz bolmasa gerek. Çünki şondan bary-ýogy iki minut soňra «Rostow» Aleksandr Buharowyň goly bilen gaýtadan öňe çykdy.

 Emin tarapyndan jemi 5 oýunça sary kart görkezilen duşuşykda derwezelere başga pökgi geçirilmedi. Şeýlelikde, bu möhüm ýeňişden soň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gurban Berdiýewiň topary 21 utuk bilen ýaryş tertibiniň dördünji basgançagyna geçdi. «Rostowyň» öňünde diňe Ýewropa ligalarynda Orsyýediň abraýyny gorap ýören «SSKA», «Lokomotiw», «Zenit» toparlary bar.

         Gurban Berdiýewiň topary indiki duşuşygyny 26-njy oktýabrda Moskwada «Lokomotiw» futbol topary bilen geçirer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru