«Altyn asyr» plastiki kartlary üçin SMS habar hyzmat

20:4820.10.2015
1
38515

Türkmenistanyň ähli bankomatlarynda «Altyn asyr» plastiki kartlary üçin SMS habar hyzmaty ýola goýuldy. Bu hyzmatyň üsti bilen müşderiniñ plastik kartynyndan pul alynan wagty el telefonyna plastik kartdan pul alynandygy barada SMS gelyar.

Öñ bular ýaly hyzamaty Daşary ykdysady bankynyñ berýän VISA kartynda görmek bolýardy. Bu hyzmaty birikdirmek üçin müşderiniñ islendik bankomata baryp SMS hyzmatyny saýlap, el telefonynyň belgisini ýazmagy ýeterlikdir. Türkmenistanyň ähli ýerlerindäki bankomatlarda ýola goýlan bu hyzmat töleglidir we munuň üçin her aýda müşderiniň hasabynda 1 manat pul alynýar. Şeýle hem müşderi islän wagty bankomadyň ýadynda saklan beligisini üýtgedip ýa-da hyzmaty öçürip biler.

«Altyn asyr» plastiki kartlar arkaly SMS hyzmatyny birikdirmegiň ýollary:

  1. Kartyňyzy bankomata ýerleşdiriň.
  2. Gizlin koduňyzy giriziň.
  3. SMS hyzmatyny saýlaň.
  4. Görkezilen bölüme el telefonyňyzyň belgisini ýazyň.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
bayram8910 ( 09.05.2020 )

"Altyn asyr" plastik kartyna 1 aý bäri sms habary gelenok! Bankomatda 2 gezek birikdirip gördűm ýöne peýdasy degmedi.

269