“Ahal” çempionlyk ugrundaky göreşi bes etdi

0
1037
0
0

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 29-njy tapgyry dört şäherde geçirilen duşuşyklar bilen tamamlandy. Olaryň ählisiniň şol bir wagtda başlanandygyny hem bellemek gerek.

Tapgyryň merkezi duşuşygy “Aşgabat” stadionynda geçirilip, onda geçen ýylyň jemleri boýunça iň gowy netijeleri görkezen iki topar – 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň we çempionatyň kümüş medalynyň eýesi bolan “Ahal” bilen ýurduň häzirki çempiony “Altyn asyr” duşuşdy. Şu möwsümde toparlar öz aralarynda üç gezek oýnapdylar. Milli çempionatyň birinji we üçünji aýlawlarynda deňlik hasaba alyndy – 1:1. Ikinji aýlawda bolsa “Altyn asyr” 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Toparlaryň arasyndaky dördünji oýun 28-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçiriljek duşuşyga özboluşly taýýarlyk boldy. Çempionatyň öňdebaryjysy bilen geçiriljek oýun “Soňky  şowsuzlyklar zerarly üçünji orna düşen “Ahal” ýene-de çempionlyk ugrunda göreşe gaýdyp gelermi?” - diýen sowala hem jogap bermelidi.

Meýdançada bolup geçen wakalaryň görkezişi ýaly, “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň toparynda bu wezipä hötde geler ýaly güýç tapylmady. Duşuşygyň birinji ýarymy toparlaryň hiç birine-de üstünlik getirmedi. Arakesmeden soňra ezber hüjümçi Süleýman Muhadow oýnuň ykbalyny “Altyn asyryň” peýdasyna çözdi. 71-nji we 86-njy minutlarda tapawutlanan hüjümçi diňe bir öz toparyny ikinji altyn medala ýakynlatman, eýsem, 23 pökgi bilen netijeli oýunçylaryň bäsleşiginde ikinji orna geçdi.

Iň netijeli oýunçylaryň arasynda birinji orunda “Balkanyň” hüjümçisi Myrat Ýagşyýew barýar. Toparynyň öz meýdanynda “Hazyna” garşy geçiren duşuşygynyň 28-nji minutynda ýoldaşlarynyň köp göçümli kombinasiýasyny jemlän hüjümçi häzirki çempionatdaky 25-nji goluny geçirdi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy Mekan Saparow bolsa balkanlylaryň üstünligini berkitdi. Ol 56-njy minutda öz toparynyň guran çalasyn hüjümi netijesinde meýdançanyň merkezinden garşydaşlaryň goragçylaryndan arany açyp, takmynan 16 metrden pökgini derwezäniň çep gyrasyna gönükdirdi. Netijede 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Balkan” 56 utuk bilen çempionatyň öňdebaryjysy “Altyn asyryň” yzyndan kowmagyny dowam etdirýär. “Hazyna” bolsa 30 utuk bilen ýaryş basgançagynda sekizinji orny eýeleýär. Öňki oýunlarda sary duýduryş peteklerini alandyklary sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň toparynyň esasy oýunçylarynyň birbada üçüsiniň bu oýna gatnaşyp bilmändigini hem bellemek gerek. Olar Didar Durdyýew, Kemal Gurbanow we Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyrynyň ýakynda geçirilen Türkmenistan - Guam (1:0) duşuşygynyň iň gowy oýunçysy Guwanç Abylowdyr.

Çempionatda soňky orny eýeleýän “Daşoguz” hem sary duýduryş peteklerini alandyklary üçin iki oýunçysyny – Yzzat Hudaýbergenowy we Hudaýguly Satyýewi “Merwe” garşy geçirilen duşuşyga goýberip bilmedi we nobatdaky gezek ýeňlişe sezewar boldy – 1:2. Ýeňijileriň iki goluny hem Şanazar Tirkişow (2-nji we 17-nji minutlar) geçirdi. Ýeňlen toparyň jogap pökgüsini Begli Öwezow (84-nji minut) geçirdi.

Türkmenbaşy şäherinde garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Ol ýerde geçen ýyl çempionatyň bürünç medalyny gazanan “Şagadam” Marynyň “Energetigini” ýeňip bilmedi – 1:1. Uzak aralykdan berlen pökgüden peýdalanan Yhlas Magtymow 10-njy minutda “Şagadamy” öňe çykardy – 1:0. 75-nji minutda Batyr Jumaýew jerime meýdançasynyň çep gapdalyndan gelen pökgini kelle urgusy bilen derwezä gönükdirip, hasaby deňledi. Ionel Kosafanynyň iki sary duýduryş petegini alyp, meýdançany terk edendigi üçin ýer eýeleri soňky 13 minuty azlykda oýnadylar. Muňa garamazdan, olar duşuşygyň ahyrynda ýeňiş gazanmaga ýakynladylar. Emma ikinji ýarymda meýdança giren Gahrymanberdi Çoňkaýew derwezeçi Farhad Bazarow bilen ýüzbe-ýüz galsa-da, gol geçirmegi başarmady. Netijede “Şagadam” 44 utuk bilen bäşinji orunda galdy we özünden 1 utuk öňde barýan “Aşgabadyň” öňüne geçmek mümkinçiligini elden giderdi.

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

 

"Balkan" – "Hazyna" – 2:0 (1:0)

17-nji oktýabr. Balkanabat. "Sport toplumy". 1 000 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Myrat Ýagşyýew 28, Mekan Saparow 56.

Duýduryş alanlar: Mekan Saparow 74 – Begli Annageldiýew 54, Guwanç Rejepow 65.

Emin: Ruslan Ereşow.

Duşuşygyň ispektory: Eldar Ramazanow.

 

"Merw" – "Daşoguz" – 2:1 (2:0)

17-nji oktýabr. Mary. "Sport toplumy". 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Şanazar Tirkişow 2, 17 – Begli Öwezow 84.

Duýduryş alanlar: Begenç Alamow 50, Begenç Teýmirow 89 – Merdan Galpakow 41, Hamza Allamow 61.

Emin: Babanazar Haknazarow.

Duşuşygyň ispektory: Batyr Orazsähedow.

 

"Şagadam" – "Energetik" – 1:1 (1:0)

17-nji oktýabr. Türkmenbaşy. "Şagadam" stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Yhlas Magtymow 10 – Batyr Jumaýew 75.

Duýduryş alanlar: Ionel Kosafana 49 – Artýom Nikitenko 80.

Oýundan çykarylan: Ionel Kosafana 77 («Şagadam») 77 (2 sary petek).

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň ispektory: Rubik Danelýan.

 

"Ahal" – "Altyn Asyr" – 0:2 (0:0)

17-nji oktýabr. Aşgabat. " Aşgabat " stadiony. 1 000 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Süleýman Muhadow 71, 86. 

Duýduryş alanlar: Süleýman Orazow 14, Rahmet Şermetow 54 – Umytjan Astanow 14, Şöhrat Söýünow 26.

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň ispektory: Hudaýnazar Rejepow.

Duşuşygyň komissary: Kakaly Tyllaýew.

 

20-nji oktýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

  

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 25 (2 – 11 metrlik urgudan) gol.

Süleýmän Muhadow ("Altyn asyr") – 23.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 22.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") – 17 (1).

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 16 (6).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru