Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary ýurtdaky bagtyýar durmuşlary, halklaryň arasyndaky dostluk, türkmenistanlylaryň myhmansöýerligi barada gürrüň berdiler

10:3820.10.2015
0
7213

Dürli ýaşdaky mekdep okuwçylarynyň çeken suratlaryndan we ýazan düzmelerinden ybarat “Meniň Watanym Bitarap” atly owadan bezegli kitap çapdan çykdy. Üç dilde: türkmen, iňlis, rus dillerinde taýýarlanan kitapda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýubileý ýylynyň bütin dowamynda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriň, çeperçilik hem sungat mekdepleriniň okuwçylary “Bitaraplyk çagalaryň gözi bilen” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşdylar. Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri guradylar.

Çagalar öz işlerinde okamak we zähmet çekmek üçin ajaýyp şertler döredilen ýurtdaky bagtyýar durmuş, halklaryň dostlugy, türkmenistanlylaryň myhmansöýerligi barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitapda, umuman, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan barada gürrüň berilýär. Oglan-gyzlaryň her biri öz işlerinde öz dogduk depesine — önüp-ösen obasyna şäherçesine, şäherine aýratyn ähmiýet berýär. Her bir setirde, her bir suratda mähriban öý-ojaga we topraga söýgi, eziz Watana çäksiz buýsanç duýulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň