Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

0
1097
2
0

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow, Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkimler çykyşlarynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we şanly Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän dabaraly çäreler barada aýtdy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda bar bolan ähli kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Aýratyn-da, döwlet Baştutany daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak babatda degişli işleriň alnyp barylmalydygyny belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň taryhy seneleriniň senenamasynda möhüm orun eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk medeni çäreleriniň guralmagyna üns berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň ýurdumyzda oba hojalyk hem-de maldarçylyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak maksadynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek bilen baglanyşykly ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Telekeçiler tarapyndan gurulmaly gaýtadan işleýän kärhanalar, fermalar we ýyladyşhanalar, şeýle hem ekerançylyk ýerleri üçin berilmegi meýilleşdirilýän ýer bölekleriniň çyzgylary görkezildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň giňden goldaw bermegi netijesinde telekeçiler azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ýylyň ähli paslynda ter gök we maldarçylyk önümleriniň ilatymyza ýetirilmegine hem-de bu ugurdaky önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi oba hojalyk önümlerini öndürijileri gök we bakja, maldarçylyk önümleriniň, guş etiniň, ýumurtganyň önümçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirýän Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen döredilen şertlerden netijeli peýdalanyp, türkmen telekeçileri ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, şol sanda azyk bolçulygyny artdyrmak wezipelerini, ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak bilen önümleriň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak wezipesini çözmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileri bazaryň täze ugurlaryny we önümçilik tehnologiýalaryny, ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän döwrebap guramaçylyk usullaryny ynamly özleşdirýärler diýip belledi. Kiçi we orta telekeçiligiň işewürleriniň obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilatyň ekologik taýdan arassa azyk we ýokumly önümlere bolan islegini kanagatlandyrmaga gatnaşmagy we şonda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Döwletimiziň mundan beýläk-de telekeçilik işine zerur bolan goldawy berip, milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklaryny ösdürmekde, şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda oňa möhüm orun berer diýip, milletiň Lideri bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru