Soňky habarlar

Arhiw

Garagum çölünde awtoýaryş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi

07:2620.10.2015
0
3354

Garagum çölünde iki günüň dowamynda geçen awtoýaryş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlenildi. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Zaman» daýhan birleşiginden Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Ýerbent obasyna çenli aralykda geçirilen ýaryşyň umumy ýolunyň uzynlygy 320 kilometrden hem gowrak boldy.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Milli awtosport federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryşlara jemi 8 topar gatnaşdy. Ýaryşyň birinji gününde türgenler 218 kilometr ýol geçdiler. Deslapky pellehana ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşen Damla obasynda bellenildi. Ol ýerde türgenleri ýüzlerçe sport söýüjiler uly şatlyk bilen garşyladylar.

Awtoýaryşa gatnaşýan sürüjiler ertesi gün Ýerbent obasyndaky pellehana gelenlerinde hem olary mähirli garşyladylar. Netijede, Türkmenistanyň Milli awtosport federasiýasynyň toparyna wekilçilik edýän Gurbanberdi Daňatarow (sürüji) we Didar Orazmedow (şturman) ýaryşda ýeňiş gazandylar. Olar “Nissan Patrol” kysymly “polat” atda çykyş etdiler. Olaryň çykyş eden awtoulagy saz işläp, toparyň üstünlik gazanmagyna mümkinçilik berdi.

Muhammetmyrat Gurbanow bilen Serdar Mollamyradow ýaryşda kümüş medala mynasyp boldular. Doganlar Mekan we Şöhrat Toýlyýewler baýrakly üçünji orny eýelediler. Türgenleriň hemmesi sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan, awtosport ýaryşynda ençeme gezek ussatlyk görkezen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça döredilen Türkmenistanyň Milli awtosport federasiýasynyň toparyna wekilçilik edýärler. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Köpetdagyň eteginde awgust aýynda geçirilen “Alfa-Romeo—2015” Kubogy ugrundaky ýaryşda ynamly ýeňiş gazandy.

Häzirki wagtda türkmen türgenleri dürli halkara ýaryşlaryna, şol sanda Dakar derejeli ýaryşlara taýýarlyk görýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň