Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy uludyr

0
2351
35
0

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy uludyr. Dünýäde ynanyşmagy hem-de özara düşünişmegi berkitmäge, halklaryň we döwletleriň arasynda dostluk hem-de özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk köprülerini gurmaga gönzükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty soňky ýyllarda dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar.

Öz ylalaşdyryjylyk, ykdysady hem-de serişdeler kuwwatyny parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň hyzmatyna ynamly gönükdirmek bilen uly halkara abraýyna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan 2015-nji ýylyň möhüm wakasynyň—Türkmen döwletiniň hemişelik oňyn Bitaraplyga eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň hormatyna taýýarlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy” atly ýörite žurnalyň, şeýle hem “Diplomatisches Magazin” atly meşhur Ýewropa žurnalynyň sahypalarynda birnäçe makalalaryň çap edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Oktýabr aýynda neşir edilen “Diplomatisches Magazin” atly Ýewropa žurnalynda Türkmenistanyň şu güni, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanan daşary syýasy ugry barada gürrüň berilýär.

Žurnallaryň ikisi hem häzirki zaman halkara gatnaşyklaryň tejribesinde täzeçillik tejribesine öwrülen Bitaraplygyň hukuk derejesiniň sebit we dünýä syýasatynyň möhüm meselelerini çözmekde aýratyn ornuny kesgitleýär diýen birmeňzeş pikiri beýan edýärler.

Tebigy baýlyklaryň, ilkinji nobatda, nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasaty hem iki neşiriň habarlar giňişliginde ara alnyp maslahatlaşylýan möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyz baý serişdelerini diňe öz halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin däl-de, eýsem, olary tutuş adamzadyň hyzmatyna gönükdirmegi maksat edinýär. Türkmen tebigy gazyny iri halkara bazarlaryna ibermek boýunça görülýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Daşary ýurtly garaşsyz bilermenler tarapyndan tassyklanan ýurdumyzyň ýataklarynyň ägirt uly gorlary, ilkinji nobatda, dünýäde ululygy boýunça ikinji ýerde durýan “Galkynyş” gaz käniniň gorlary özara ynamly halkara hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Dünýä belli halkara maslahatçy — “Gaffney, Cline & Associates” britan kompaniýasy tarapyndan geçirilen we dünýä derejesinde uly seslenme döreden garaşsyz auditiň netijeleri boýunça onuň gorlary, soňky maglumatlara görä, tebigy gazyň 26 trillion 200 milliard kub metr möçberinde kesgitlendi.

Türkmen tarapynyň soňky ýyllarda başyny başlan taslamalary, şol sanda Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy, gurluşygyna badalga bermäge taýýar edilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, şeýle hem Ýewropa ugurda çekilmegi göz öňünde tutulýan, soňky döwürde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda işjeň ara alnyp maslahatlaşylýan Hazarüsti gaz geçirijini gurmagyň taslamasy Türkmenistanyň köptaraplaýyn energetika diplomatiýasyny yzygiderli amala aşyrmakda anyk ädimler bolup durýar.

Çap edilen makalalarda halkara ölçeglerine laýyk getirilýän milli saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlaryny özgertmegiň çäklerinde soňky ýyllarda Türkmenistanyň gazanan uly üstünlikleri we düýpli özgertmeler barada gürrüň berilýär.

Ermenistanda neşir edilen žurnalda sazlaşykly ösýän beýleki pudaklaryň—dokma senagaty, oba hojalygy, ulag düzümi we sport ulgamynyň gazanan üstünliklerine hem üns berilýär. Türkmenistanyň paýtagty—ak mermerli Aşgabadyň taryhy, köp asyrlyk milli halyçylyk sungaty, türkmeniň behişde bedewleri, saz gurallary, gadymy däp-dessurlary baradaky habarlar hem özboluşly gyzyklanma döredýär.

Mahlasy, žurnallaryň täze sanynda ýerleşdirilen ähli makalalar Türkmenistanyň gözel ýerlerini—täsin ýadygärlikleri, türkmen paýtagtynyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň bezegine öwrülen döwrebap binalary hem-de seýilgähleri, halkymyzyň buýsanjy bolan gamyşgulak bedewleri şekillendirýän dürli reňkli suratlar bilen utgaşýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru