Soňky habarlar

Arhiw

“2015-nji ýylyň iň gowy alyjylar jemgyýeti”

11:5219.10.2015
0
6306

Ahal welaýatynyň Kärdeşler arkalaşyklary birleşigi “2015-nji ýylyň iň gowy alyjylar jemgyýeti” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň jemini jemledi. Ol Türkmenistanyň söwda işgärleri we ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň yglan eden gözden geçirilişiniň çäklerinde geçirildi.

Emin agzalary ýeňşe dalaşgärler barada alnan wideoşekilli ýazgylar arkaly alyjylar jemgyýetleriniň her bir nokadynyň işi bilen tanyşdylar.

Kärhanalaryň işini ara alyp maslahatlaşyp, emin agzalary birinji orna Baharly etrabynyň alyjylar jemgyýetini mynasyp gördüler. Ikinji orny gökdepeliler, üçünji ýeri bolsa Änew şäheriniň alyjylar jemgyýeti eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň