Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylyş dabarasy boldy

0
3115
0
0

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylyş dabarasy boldy.

Täze muzeýiň binasynyň ýanynda guralan milli türkmen öýleri, welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň ganatly setirlerine düzülen aýdymlar türkmen toýuna mahsus ýagdaýy döretdi, mälim bolşy ýaly, toýlarda şahyrlaryň orny hemişe tördedir.

Muzeýiň binasynyň öňündäki heýkeller özboluşly şahyrana yzygiderlilikde ýerleşdirilipdir. Eli goşgy ýazylan sahypaly şekillendirilen Magtymgulynyň heýkeli onuň merkezi bolup durýar. Ol öz eserlerinde umumadamzat maksatlaryny we ebedi gymmatlyklary beýan edip, dünýäni has gözelleşdirmäge çagyrýan şahyryň beýik pikirlerini alamatlandyrmak bilen, belentlikden öňe alyp barýan mysaly uzaklara garap durana meňzeýär. Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň her tarapynda döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hasaplanýan görnükli türkmen şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi.

Heýkelleriň her biri keşpleriň häsiýetli aýratynlyklaryny şöhlelendirip, olaryň düzüm bölekleri şahyrlaryň ömrüniň we döredijiliginiň aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Watançy şahyr Magrupynyň ajaýyp ahalteke bedewiniň ýanyndaky pursady, ýomakçy şahyr Mämmetweli Keminäniň uzak ülkelere syýahat edişi şekillendirilýär. Yşk mülküniň şasy Mollanepes şahyrana döredijiliginiň kemala gelýän döwründe şekillendirilýär. Medeni ýadygärlikler toplumynyň beýleki tarapynda söýginiň we gözelligiň aýdymçysy Mätäji hem-de aýrylmaz dostlar Zeliliniň we Seýdiniň heýkelleri oturdylypdyr. Bu ýerdäki heýkeller bizi asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şahyrana taryhyň ýollaryna eltýär. Suw çüwdürimleri bu ajaýyp künjegiň gözelligine gözellik goşup, oňa aýratyn öwüşgin çaýýar.

Muzeý ýurdumyzyň “Hilal Mermer” kompaniýasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Umumy meýdany 5393 inedördül metr bolan iki gatly binada hemişelik hereket edýän zallaryň bäşisi özara birleşdirilendir, olarda uly ähmiýetli taryhy gymmatlyklary saklamak, öwrenmek we görkezmek üçin ähli şertler döredilendir, şeýle hem toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, kitaphana ýerleşýär.

Birinji gatda “Garaşsyzlyk”, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan zallar, şeýle hem şahyryň dogduk mekanynyň tebigatynyň ajaýyp gözelliklerine bagyşlanan “Tebigat zaly” ýerleşdirilipdir.

Bölümler Magtymguly ýaly umumadamzat derejeli şahyry we akyldary kemala getiren şol döwrüň medeni—aň-paýhas gurşawynyň ruhy derejesi bilen tanyşmaga beýik şahyryň döredijiligine taryhy-terjimehal we medeni-etnografiki nukdaýnazardan garamaga, onuň milli medeniýetimizi kemala getirmäge hem-de bütindünýä medeni-ynsanperwer ulgamynda öz ornuny eýelemegine goşan goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär.

Sergide Magtymguludan öň geçen hem-de onuň döredijiligine eýeren şahyrlaryň mirasyna uly üns berlipdir, bu ýerde täsin çeperçilik derejesinde owadan milli öwüşginler bilen bezelen şekiller akyldar şahyryň döredijiliginiň aýry-aýry tapgyrlaryny şöhlelendirýär.

Magtymgulynyň Şirgazy han medresesinde okan döwürleri baradaky maglumatlar şu ýere gelýänleriň ünsüni çekýär. Ol türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bilimleri özleşdirmäge bolan höwesini alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, türkmenlerde bilim, edebiýat we sungat aýratyn sarpa eýedir.

Ikinji şekil ýaş şahyryň şol döwürde Gündogarda meşhur bolan çynaryň aşagyndaky döredijilik bäsleşigini beýan edýär. Bu ýerde Magtymgulynyň atasy — meşhur şahyr we pelsepeçi Döwletmämmet Azadynyň, şeýle-de Durdy şahyryň, Çowdur hanyň we beýleki belli taryhy şahslaryň, şeýle-de halk gazalçy-dessançylaryň keşpleri hem şekillendirilýär. «Magtymguly — zergär» atly üçünji şekil belli zergär, ussat hökmünde meşhur bolan şahyryň zehininiň ýene bir tarapyny açýar.

Sergi zalynda Magtymgulynyň eserleri, ondan öňki döwürde ýaşap geçen şahyrlaryň we beýik akyldaryň döredijiligini dowam etdiren türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň dürli dillerde we dürli asyrlarda neşir edilen eserleri görkezilýär. Wagtyň geçmegi bilen saralan sahypalarda arap ýazgysy, latyn harplary, slawýan elipbiýi şekillendirilýär. Iň gadymy golýazma aýratyn tolgunma döredýär. Bu ýerde şahyryň ömrüne we döredijilik ýoluna bagyşlanan ylmy edebiýat we meşhur neşirler, şol sanda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna gabatlanyp neşir edilen Magtymgulynyň eserleri we döredijiligi hakynda gürrüň berýän köp sanly kitaplar görkezilýär.

Gymmatlyklaryň arasynda Magtymgula bagyşlanylan poçta nyşanlary, ýubileý şaýylyklary, senenamalar, sahna eserleriniň ýazgylary, şahyryň goşgularyna düzülen aýdym-sazlaryň ýazgylary, türkmen şahyrana sungatynyň meşhur wekiliniň döredijiligi hakyndaky dokumental we çeper filmler we beýlekiler bar.

Muzeýiň täze binasynyň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Sergi zallarynyň ählisinde filmleri görkezmek üçin monitorlar gurnalypdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalar muzeý maglumatlaryny baýlaşdyrmaga, ony özleşdirmek üçin degişli şertleri döretmäge ýardam berýär.

Magtymgulyny şahyrana döredijiligiň belentliklerine ruhlandyran hem-de beýik akyldaryň döredijiliginde öz beýanyny tapan Balkan welaýatynyň ajaýyp tebigaty muzeý zalynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen utgaşýar.

Köp sanly sergi gymmatlyklary Magtymguly etrabynda ýerleşýän subtropiki jülgäniň gözelligi we baý ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýär, bu künjek gadymy Boýadag patlawugynyň bejeriş häsiýetli palçygy hem-de meşhur “Aý daglary”, Mollagara kölüniň we Garaçagyl çeşmesiniň aýratyn bejeriş gudraty hakyndaky köp sanly rowaýatlar hem-de hekaýatlar bilen baglanyşyklydyr, mundan iki ýarym million ýyl öň, Garagöz gaýasynyň golaýynda Gäwürli diýen ýerde düýeleriň galdyran yzlary we beýlekiler ýurdumyzyň bu künjeginiň taryhy gymmatlyklarydyr.

Serginiň diwarlyklarynda welaýatda ösýän dermanlyk ösümlikler görkezilýär. Bu ýerde ülkäniň tebigaty hakyndaky, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki we beýleki eserleri görkezilýär.

Muzeýiň ikinji gatyndaky arheologiýa zalynda welaýatyň çäklerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar goýlupdyr, bu ýerlerde alymlar dürli eýýamlara degişli bolan arheologiýa tapyndylarynyň ýüzden gowragyny hasaba aldylar. Türkmen binagärleri tarapyndan XIV-XV asyrlarda gurlan binalaryň nusgalary bu ýere gelýänleri gyzyklandyrýar. Olar şol döwrüň görnükli wekilleri bolan şyhlar Öwezberdiniň we Magtymyň aramgähleridir. Serginiň bürünç eýýamyna degişli gymmatlyklary, gadymy adamlaryň Magtymguly şäherçesinden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän gaýalaryň ýüzünde suratlandyran şekilleri aýratyn ünsi çekýär.

Orta asyryň örän iri ýadygärligi bolan Dehistan — Maşat-Misserian gadymy şäher harabaçylygy Günbatar Türkmenistanyň beýik taryhy geçmişiniň subutnamasydyr. Dehistanda ýüze çykarylan arheologiýa tapyndylary şol döwrüň ösen şäher medeniýetiniň mysalydyr. Welaýatda Türkmenistanyň ähli künjeklerinden zyýaratçylaryň gelip görýän keramatly ýerleri hem bar. Olar Şibli babadyr ýa-da Şywlanyň gadymy aramgähidir, Parawbibidir we beýlekilerdir. Bu ýerleriň her birine degişli rowaýatlar we hekaýatlar aýdylýar. Muzeýde olar hakda hem maglumatlar bar.

Muzeýiň iň giň sergi zallarynyň biri etnografiýa zalydyr. Bu ýerde saz gurallary, gadymy zähmet gurallaryň toplumlary, durmuş esbaplary, bezeg şaý-sepleri, haly önümleri, gadymy milli lybaslar görkezilýär. Muzeýe gelýänler külalçylyk ussahanasy, dokma senedi üçin enjamlar we beýleki köp sanly gymmatlyklar bilen tanşyp bilerler, olar ýurdumyzyň günbatar sebitiniň taryhyny we medeniýetini öwrenmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär.

Türkmenleriň geçen asyrlardaky hojalyk durmuşyny doly janlandyrýan türkmen ak öýi bu zalyň merkezinde ýerleşýär. Milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýän muzeýiň täze binasy, şol bir wagtda dünýä ölçeglerine we ýurdumyzda bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalara bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Döwrebap özbaşdak ýyladyş, energiýa üpjünçilik hem-de howa çalşygy ulgamy köp sanly muzeý gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy üçin has amatly şertleri döredýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru