Soňky habarlar

Arhiw

Maryda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäheriniň medeniýet hepdeligi tamamlandy

11:0218.10.2015
0
3768

Mary welaýatynyň merkezinde döredijilik baýramçylygy—Hytaýyň Sian şäheriniň—Marynyň doganlaşan şäheriniň medeniýet hepdeligi tamamlandy. Marynyň ýaşaýjylary Sian şäheriniň aýdymlar we tanslar teatrynyň döredijilik toparynyň konsertlerine, gadymy taryhyna, medeniýetine hem-de dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisine baryp gördüler. Şonuň bilen birlikde, bu döredijilik çäresi myhmanlary gadymy Merwiň mirasdüşeri bolan Mary şäheriniň beýik geçmişi hem-de bu ýerde häzir bolup geçýän özgerişlikler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Iri forumlary özara guramakda we syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmekde doganlaşan şäherleriň döredijilik duşuşygy uly ähmiýete eýe boldy.

Myhmanlar şäheriň ilatyna myhmansöýerligi hem-de türkmen medeniýetiniň täze dünýäsini açmak şatlygyny peşgeş beren ajaýyp baýramçylyk üçin hoşallyk bildirip, täze duşuşyklaryň geçirilmegine umyt-arzuwlaryny beýan etdiler.

Geljegiň, geçmişiň ruhy mirasy bilen arabaglanyşygy bolan mesele döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasyndan soň geçirilen dostluk konsertiniň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Teatryň sahnasynda halk aýdymlary we häzirki zaman eserleri, wokal eserleri ýaňlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň