Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy

09:2118.10.2015
0
3624

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýadan gelen telekeçiler tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK), gazagystanly işewürler bolsa Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Russiýanyň, Hytaýyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Singapuryň, Beliziň, Ukrainanyň, Gruziýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi, pagta süýümini, pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million 756 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 214 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň