Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hytaýyň iri şäheriniň medeniýet hepdeligi geçirilýär

10:5717.10.2015
0
2080

16-njy oktýabrda Hytaýyň doganlaşan Sian şäheriniň Maryda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde iki ýurduň medeniýet we sungat wekilleriniň döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Irden myhmanlar Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde garşylandy, şol ýerde hytaý şäheriniň gadymy taryhyna we medenýietine, tebigy goraghanalaryna hem-de binagärlik ýadygärliklerine, şeýle hem şäheriň häzirki gününe bagyşlanan “Ajaýyp şäher Sian”  atly sergi açyldy. “Sian – hytaý milletiniň kemala gelmegi”,  “Sian –Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady”,  “Şygryýetiň, etiketiň we sazyň gülläp ösýän mekany”  atly surat diwarlyklar özüne çekijidir.

Muzeýiň eýwanyndaky  diwarlyklarda gadymy budda ybadathanalarynyň, imperator köşkleriniň, köp gatly ybadathanalaryň suratlary ýerleşdirilipdir. Bu ymaratlar häzirki Sianyň belent binalary hem-de söwda-dynç alyş merkezleri bilen aýratyn sazlaşyk döredýär. Fotosuratlar dünýädäki iň uly arheologiki açyşlaryň biri – imperator Sin Şihuandiniň köp müňlük terrakot goşuny barada gürrüň berýär. Häzirki wagtda ol dünýädäki iň meşhur gymmatlyklaryň biridir. Ol Hytaýyň döwlet derejesindkäi desgalarynyň sanawyna hem-de UNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hytaý esgerleriniň hem-de bedewleriň palçykdan ýasalan uly şekilleri  Sinlin şäherçesinde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilen ýerinde açylan ägirt uly muzeýiň ekspozisiýasyny düzýär.  Sergi bu ýere gelýänleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäheriň taryhy, onuň täsin tebigy desgalary – Sinpin dagy, Huasin termal çeşmesi hem-de meşhur Banpo muzeýi we beýleki täsinlikleri bilen tanyşdyrýar. Sianyň häzirki güni baradaky suratlar bolsa ylmyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň, şäher düzüminiň ösüşi, sianlylaryň sport bilen işjeň meşgullanyp, saglygyny berkidişi, olaryň dünýäniň dürli ýurtlarynyň şäherleri bilen  medeni hyzmatdaşlygy ösdürişi barada gürrüň berýärler.

Sianyň döredijilik wekiliýeti ýurdumyzyň iň köne kitaphanalarynyň biri  bolan Marynyň welaýat kitaphanasyna  baryp görüp, gadymy Murgap derýasynyň boýundaky şäheriň ruhy hem-de medeni däp-dessurlary barada maglumatlary aldylar. Myhmanlara türkmen halkynyň  umumadamzat ruhy gymmatlygy, pähim-paýhasyň genji-hazynasy hökmünde kitaplary we golýazmalary aýawly saklamak däbi barada gürrüň berildi.  Olar şeýle hem bu ýerde ýaýbaňlandyrylan, Garaşsyz Türkmenistanyň  gazanan üstünliklerine, şu ýyl bellenilip geçiljek ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi bilen tanyşdylar. Sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köp dillerinde, şol sanda hytaý dilinde  neşir edilen işlerine aýratyn orun berlipdir.

Medeni gymmatlyklary alyşmak Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda dowam etdirildi, şol ýerde hytaý artistleriniň uly konserti boldy. Zala ýygnananlar zenanlaryň ýekelikde ýerine ýetiren aýdymlaryna haýran galdylar. Tomaşaçylar “Uzyn ýeňli”  atly gadymy tansy ýerine ýetiren zenanlaryň çykyşyny, “Knýaz Sin esgerleri ýygnaýar”  atly tans kompozisiýasyny,  Tan imperatorlar neberesiniň kögüniň meşhur aýdymlaryny we tanslaryny hem-de konsert maksatnamasynda sazlaşykly görkezilen hytaý söweş sungatynyň tilsimlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Sian şäheriniň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dostlukly ýurduň sungaty bilen duşuşyk ertir Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda dowam etdiriler, şol ýerde dostluk konserti hem-de döredijilik çäresiniň ýapalyş dabarasy bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň