HTTU bürünç medala barýan ýolda “Aşgabady” saklady

10:2417.10.2015
0
4107

Milli ýygyndymyzyň Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama ýaryşynda çykyş edýänligi sebäpli ara düşen iki hepdä golaý böwşeňlikden soň, Türkmenistanyň futbol boýunça çempionaty badalga aldy.

Milli çempionatyň 29-njy tapgyry Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionyndaky duşuşyk bilen açyldy. Ol ýerde bu ýokary okuw mekdebiniň topary bürünç medal ugrunda göreşýän “Aşgabady” kabul etdi. Garşydaşlar şu möwsümde üç gezek duşuşypdylar. Olaryň ählisi-de “Aşgabadyň” peýdasyna tamamlanypdy (4:1, 4:0, 1:0).

Dördünji duşuşyga, öňki oýunlarda alnan sary petekler sebäpli, her topardan bir oýunçy — HTTU-dan Orazberdi Myradow, “Aşgabatdan” bolsa Atageldi Geldiýew gatnaşyp bilmedi.

Muňa garamazdan, oýun diýseň netijeli boldy. Öňki ýeňlişler üçin haklaşmak höwesi bilen meýdana çykan HTTU-nyň futbolçylary 53-nji minutda eýýäm 3:0 öňdediler. Hasaby 23-nji minutda türkiýeli Okan Ersoý açdy. Ikinji ýarymyň başynda “Aşgabadyň” ýaş futbolçysy Azady Annadurdyýew pökgini öz derwezesinden geçirdi. 53-nji minutda bolsa Döwlet Döwletmyradow artykmaçlygy üç pökgä ýetirdi. 61-nji minutda Wugar Abdullaýew bir jogap goluny geçirdi. Ýöne aradan üç minut geçip-geçmän D.Döwletmyradow şu duşuşykda ikinji gezek tapawutlanyp, aratapawudy ýene üç pökgä ýetirdi — 4:1.

Galan wagtda myhmanlar Ruslan Gurbanowyň iki goly bilen jogap berdiler (66-njy we 86-njy minutlar). Ýöne barybir ýeňlişden halas bolup bilmediler.

Şu ýerde iki sary petek görkezilen Nurýagdy Muhammedow oýundan çykarylansoň, Röwşen Meredowyň tälimçilik edýän toparynyň soňky 17 minuty azlykda geçirendigini hem bellemek gerek. Ýöne bu ýer eýelerine ýeňiş gazanmaga päsgel berip bilmedi.

Netijede HTTU diňe bir 36 utuk toplap, altynjy orunda galman, eýsem, bürünç medala barýan ýolda “Aşgabady” saklady.

29-njy tapgyr şu gün “Balkan” — “Hazyna”, “Merw” — “Daşoguz”, “Şagadam” — “Energetik”, “Ahal” — “Altyn asyr” duşuşyklary bilen dowam etdiriler.    

 

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU – "Aşgabat" – 4:3 (2:0)

16-njy oktýabr. Aşgabat. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgini geçirenler: Okan Ersoý 23, Azady Annadurdyýew 48 awtogol, Döwlet Döwletmyradow 53, 64 – Wugat Abdullaýew 61, Ruslan Kurbanow 66, 86 (11 metrlik urgudan).

Duýduryş alanlar: Pirguly Saparow 3, Nurýagdy Muhammedow 24, Azat Şamyradow 51, Akymrat Jumanazarow 84, Döwletmuhammet Jallatow 85 – Alik Haýdarow 67, Merdan Gurbanow 73, Azady Annadurdyýew 78.

Oýundan çykarylan: Nurýagdy Muhammedow (HTTU) 73 (2 sary petek).

Emin: Saparmämmet Gurbanow.

Duşuşygyň inspektory: Konstantin Grigorýans.

 

17-nji oktýabra çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

 

Iň köp gol geçiren futbolçylar:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 24 (2 – 11 metrlik urgudan) gol.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 22.

Süleýmän Muhadow ("Altyn asyr") – 21.

Berdi Şamyradow ("Aşgabat") – 17 (1).

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 16 (6).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň