Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň açylyň dabarasy bolar

00:4017.10.2015
0
4812

Şu gün 17-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylmagy mynasybetli dabaralar geçiriler.

Dabaraly çärelere medeniýet, ylym, bilim ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, şol sanda Medeniýet ministrliginiň, neşirýat gullugynyň, gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşar.

Beýik türkmen şahyrynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiniň açylmagy nusgawy şahyryň edebi mirasyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmekde we öwrenmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Bu waka bagyşlanan dabaraly çäreleriň many-mazmuny Magtymgulynyň eserleriniň taglymyny, ynsanperwerlik hem-de watançylyk ähmiýetini düýpli açyp görkezmäge ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň