Türkmenistanyň Prezidenti muzeý işgärlerini medeni-ýadygärlikler toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň ulanylmaga berilmegi bilen gutlady

22:5616.10.2015
0
9988

Hormatly muzeý işgärleri!

Sizi Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň merkezinde bina edilen Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin!

Mähriban watandaşlar!

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň açylmagy ýurdumyzda muzeýleriň işini ösdürmäge gönükdirilen ulgamlaýyn maksatnamalarymyzyň barha rowaçlanýandygyny, ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we şu günki nesillere ýetirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň barha kämilleşýändigini doly subut edýär.

Bu desgalar halkymyzyň şu günki nesilleriniň beýik akyldarymyz, ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsine uly hormat goýýandygynyň belent nusgasydyr.

Türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmekde, onuň döredijiliginiň halkymyzyň we tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmekde, onuň baý şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde bu ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.

Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet islärin!» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar Türkmen döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

Gadyrly watandaşlar!

Hormatly muzeý işgärleri!

Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Halkymyz özüniň beýik ogly Magtymguly Pyraga çäksiz hormat goýýar. Akyldaryň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmajak sütünine öwrüldi. Şoňa görä-de, biz 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan etdik. Bu şanly ýylda beýik şahyrymyzyň we akyldarymyzyň 290 ýyllyk ýubileýi Bitarap Watanymyzda hem-de dünýä döwletlerinde giňden bellenildi. Türkmen ruhuny äleme ýaýan bu dabaralar Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä dillerinde neşir edilmegi bilen utgaşyp, ussat şahyrymyza, onuň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyna dünýä ýüzünde uly hormat goýulýandygynyň, akyldar şahyryň çuňňur many-mazmunly goşgularynyň ýürekleriň töründe baky orun alandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Dana şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň döredilmegi, ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat, ylym we bilim işgärlerine, edebiýatçylaryna bu medalyň gowşurylmagy geçirilen dabaralara özboluşly many-mazmun çaýdy.

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylymyzda Magtymguly Pyragy muzeýiniň we medeni ýadygärlikler toplumynyň dabaraly açylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar.

Mähriban adamlar!

Sizi Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, bu muzeý hem-de medeni ýadygärlikler toplumy halkymyz üçin türkmeniň baý medeni mirasyny, beýik Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak şygyrlaryny wagyz etmekde, ýaşlarymyzy milli ruhy kämilligiň nusgasynda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boljak ruhy merkeze öwrülsin. Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň