Türkmenistanyň Prezidenti täze pagta arassalaýjy kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

11:2816.10.2015
0
6374

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny guramak bilen, obasenagat toplumynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna pagtany işläp taýýarlamaga niýetlenen täze kärhana welaýatyň Altyn asyr etrabynda guruldy.

 Bu desga “Türkmenpagta” döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Türkiýäniň ýurdumyzyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşy bolan “Engin Group Сonsorсium S.A.”  kompaniýasy tarapyndan bina edildi.

Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna önüme barabardyr. Bu ýerde dünýäniň  öňdebaryjy, şol sanda ABŞ-nyň dünýä belli “BS Supply” kompaniýasynyň ýokary tehnologiýaly täze enjamlary oturdyldy. Bu bolsa çig maly ýokary hil derejesinde gaýtadan işlemäge, pagta çigidini himiki usul bilen künjaradan arassalamaga, ony kesellere garşy gaýtadan işlemäge, önümi ýörite serişdeler bilen baýlaşdyrmaga we 20 kilogram agramy bolan ýörite gaplara gaplamaga mümkinçilik berýär. Bu enjam sagatda 15,36 tonna, bir günde bolsa 315 tonna golaý pagta çigidini arassalamaga ukyplydyr. Kärhanada 4,2 aýyň dowamynda 40 müň tonna pagta çigidi gaýtadan işleniler.

Gowaça çigidini himiki taýdan arassalaýyş bölüminde bir sagadyň dowamynda 2 müň 880 kilogram tohumlyk pagta çigidi arassalanylýar we toparlara bölünýär. Bu bölümde bir gije-gündiziň dowamynda tohumlyk çigidiň 60 tonna golaýy taýýarlanylýar.

Ahal welaýaty boýunça ortaça 120 müň gektara gowaça ekilýär. Şunça meýdana 3 müň 960 tonna tohumlyk çigit zerur  bolup durýar. Indi şonça mukdardaky tohumlyk serişde 60 günüň dowamynda taýýarlanylýar.

Bu möhüm desganyň gurlan ýeri bolan Altyn asyr etraby gowaça ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan etraplaryň biridir.  2015-nji ýylda bu etrapda inçe süýümli gowaça ekilen 2 müň 950 gektar meýdandan 24 müň tonna golaý “ak altyn” hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň