Soňky habarlar

Arhiw

Maryda Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeligi açyldy

11:2416.10.2015
0
4093

15-nji oktýabrda Mary welaýatynyň merkezinde Hytaýyň Sian şäheriniň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. 

Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäheriniň Marydaky Medeniýet hepdeligi iki şäheriň derejesinde guralan ilkinji giň möçberli çäredir we ol köpugurly gatnaşyklaryň başyny başlar.

Türkmenistana gelen wekiliýetiň düzümine medeniýet  ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Sian şäheriniň häkimiýetiniň, şeýle hem Dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Sianyň aýdym-saz we tans toparynyň artistleri girdiler.

Bu döredijilik toparynyň çykyşlarynyň maksatnamasynyň esasyny aýdym-saz we tans çykyşlary hem-de häzirki zaman horeografiki kompozisiýalar we aýdymlar düzýär. Olar hytaý halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhlelendirýär.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy merkezi meýdançada, hakyky ylym, bilim we   medeniýet ojaklary bolan Gadymy Merwiň iri kitaphanalarynyň mirasdüşeri hasaplanýan Marynyň welaýat kitaphanasynyň binasynyň öňünde geçirildi.

Çykyşlarda iki halkyň dostlugyny, özara düşünişmegini pugtalandyrmakda, medeniýetleriň özara baýlaşmagynda hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde şu döredijilik çäresiniň ähmiýeti nygtaldy. Dabara gatnaşyjylar iki döwletiň Baştutanlaryna türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek döredijilik forumyny guramak mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk  bildirdiler.

 Medeni çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Hytaýyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Tomaşaçylar sazyň sazlaşygyna, tanslaryň özboluşlylygyna hem-de öz ýurdunyň sungaty bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligini peşgeş beren hytaýly artistleriň köp öwüşginli lybaslaryna haýran galdylar.

Myhmanlar tarapyndan doganlaşan Mary şäherinde çykyş etmek üçin ýörite taýýarlanan maksatnamada türkmen we hytaý halklarynyň taryhy hem-de medeni gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Munuň özi hytaýly artistleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-saz we tans çykyşlarynda öz beýanyny tapan Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly mowzuga ýüzlenilmegini şertlendirdi. Baýramçylyk agşamy “Beýik Ýüpek ýoly gülläp ösüş eýýamynda” atly tans bilen tamamlandy. Bu tansda täze taryhy eýýamda bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de nurana geljegiň bähbidine hyzmatdaşlygy ösdürýän hytaý we türkmen halklarynyň dostlugy hem-de doganlygy wasp edilýär.  

Sian şäheriniň Medeniýet hepdeligi 16-njy oktýabrda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylýan surat sergisini, Hytaýyň şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň Mary welaýatynyň ýaş suratkeşleri bilen ussatlyk sapaklaryny, hytaýly artistleriň konsertini öz içine alýar.

Doganlaşan şäherleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konserti döredijilik çäresiniň jemleýji wakasy bolar. Bu konsert 17-nji oktýabrda Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda geçiriler.

Myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnamasy taýýarlanyldy. Şol maksatnama laýyklykda, myhmanlar “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna  we welaýat merkeziniň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň